Ï Türkmenistan we Pakistan ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Pakistan ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

view-icon 3570
Türkmenistan we Pakistan ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

19-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ahsan Wagan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri we şertleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň bilim ministri ýokary derejeli myhmany bilim ulgamyny öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek boýunça ýurtda alnyp barylýan işler, şeýle hem milli we halkara derejelerde gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk hem-de ýokary okuw mekdepleriň ösüş mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem halkara görkezijisine giren türkmen uniwersitetleriniň üstünlikleri bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň esasynda netijeli gatnaşyklaryň amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk teklipleri maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Pakistanyň Feýsalabat şäherindäki oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda oba senagat ykdysadyýeti we maldarçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça başlangyç öňe sürüldi.

Ilçi Pakistanyň uniwersitetleriniň türkmen talyplaryna bank işi, demir ýol, maglumat tehnologiýalary, derman serişdeleri, daşary ýurt dilleri ýaly ugurlar boýunça talyp hakly orunlary bermäge taýýardygyny habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Pakistanyň nusgawy şahyry Allama Ykbalyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çäreleri guramagy teklip edildi. Şeýle hem jenap Ahsan Wagan öz diplomatik tejribesini paýlaşmak üçin türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna açyk sapak geçirmek isleýändigini beýan etdi.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilim ulgamynda geçiriljek çärelere Pakistan tarapynyň gatnaşmaga çagyrylýandygy nygtaldy.

Türkmen tarapy hem Pakistanyň COMSATS uniwersitetiniň wekillerini 2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek «Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usulyýet maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Mundan başga-da, pakistanly mekdep okuwçylarynyň 2025-nji ýylyň 21–26-njy apreli aralygynda Aşgabatda geçiriljek II halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler, şeýle hem täze bilim taslamalaryny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.