Ï Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebinde boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebinde boldular

view-icon 3367

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabada iş saparynda Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri, professor Martin Sewior we doktor Sem Berkli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyklar geçirdiler.

Duşuşyklar iňlis dili mugallymlaryň we iňlis dili hünäri boýunça okaýan üçünji hem-de dördünji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Beýik britaniýaly myhmanlar dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe talyplaryň dürli ugurlarda bilim alýan Beýik Britaniýanyň iň köne uniwersitetleriniň biri bolan Nottingem Trent uniwersiteti barada jikme-jik gürrüň berdiler. Şeýle hem uniwersitetiň wekilleri «Iňlis dilini öwretmegiň täsirli usullaryny çaltlaşdyrmak» maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň hökümetiniň alyp barýan işleri we bu meselä aýratyn üns berilýändigi barada habar berdiler.

Soňra türkmen mugallymlary bu mesele boýunça öz pikirlerini beýan etdiler, okatmagyň ulanylýan usullary we tehnologiýalary, okuw gollanmalaryny taýýarlamak, sapaklary guramagyň hem-de geçirmegiň usullary hem-de talyplaryň bilimine baha bermegiň usullary barada bilelikde pikir alyşdylar.

Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen duşuşyga myhmanlar toparlaýyn iş we iňlis dilini öwretmek bilen baglanyşykly synaglar üçin ýörite tabşyryklar taýýarladylar, talyplar olary gowy ýerine ýetirdiler.

Soňra britan uniwersitetiniň professory Martin Sewior okuw maslahatyny geçirdi. Onda talyplar bilen daşary ýurt dillerini öwrenende ýüze çykýan meseleler we kynçylyklar, olary ýeňip geçmegiň ýollary barada pikir alyşdy.

Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri, professor Martin Sewior we doktor Sem Berkli çärä gatnaşan talyplaryň öz pikirlerini iňlis dilinde erkin beýan edip bilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar, şeýle hem hünär taýdan ösüşi we işjeň dil öwrenmek barada öz pikirlerini aýtdylar.

Daşary ýurtly myhmanlar türkmen halkynyň myhmansöýerligini we hoşamaýlygyny, ýurdumyzyň özboluşly medeniýeti bilen tanyşmaga döredilen mümkinçiligi aýratyn hoşallyk bilen bellediler.