Ï Türkmenistanda saýlaw işini kämilleşdirmegiň usullary öwrenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda saýlaw işini kämilleşdirmegiň usullary öwrenilýär

view-icon 2698
Türkmenistanda saýlaw işini kämilleşdirmegiň usullary öwrenilýär

Şu ýylyň 19-njy fewralyndan 21-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabatda BRIDGE usulyýeti boýunça okuw maslahatyny geçirdi.

Okuw maslahaty «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslamanyň çäklerinde «Saýlawlaryň dolandyryşyna giriş» temasyndan geçirildi. Oňa Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşanlar saýlaw işiniň möhüm ugurlaryna, şol sanda saýlaw tapgyryna, saýlaw işini meýilleşdirmeklige, saýlawlary geçirmekde ykrar edilen halkara derejesindäki ölçeglerine we ýörelgelerine, saýlaw edaralarynyň nusgalaryna, şeýle hem saýlawçylary hasaba alyş ulgamynda elektron tehnologiýalaryň ulanylmagyna gararlar. Saýlaw işinde gender deňligi meselelerine aýratyn mejlis bagyşlandy. Okuw maslahatyny BRIDGE babatda ygtybarly halkara bilermenleri Natiýa Kaşakaşwili we Şalwa Shakaýa geçirdiler.

BRIDGE usulyýeti toparlaýyn ýumuşlary, saýlaw işini guramak ulgamynda oňa gatnaşyjylaryň hünärini we bilimlerini ýokarlandyrmak üçin amaly tabşyryklar bolan interaktiw çemeleşmäni göz öňünde tutýar. BRIDGE okuwy saýlaw ýolbaşçylaryna saýlaw işleriniň netijeliligini we aýdyňlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan esasy başarnyklary hem-de bilimleri öwredýär.

BRIDGE demokratiýa we dolandyryş pudagynda öňdebaryjy bäş guramanyň, ýagny Awstraliýanyň saýlaw geňeşiniň, Halkara demokratiýa we saýlaw ýardam institutynyň, Halkara saýlaw ulgamlary gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Saýlawlary geçirmäge ýardam bermek bölüminiň özboluşly başlangyjy bolup, olar bilelikde has giň saýlaw mümkinçiliklerini ösdürmegiň çäklerinde gural hökmünde hyzmat etmäge niýetlenip taýýarlanan okuw maksatnamalarynyň we maslahatlarynyň has giňişleýin toplumyny işläp taýýarlamaga, durmuşa geçirmäge we goldamaga borçlanýarlar.