Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň ikisi – 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow uniwersitetiň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda 21-25-nji fewral aralygynda Indoneziýanyň Malang şäherinde geçirilen V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda (YISF) altyn medal gazanyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri ýarmarkada eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan we toparymyza ýokary baýraklar getiren «Senagat galyndylaryndan ýaşyl sement öndürmegiň ylmy esaslary» atly innowasion iş bilen tanyşdyrdylar.
Türkmen topary halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň jemi boýunça «Daşky gurşawy goramak ylmy» ugrunda altyn medala, birinji orna we ýeňiji diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Malaýziýanyň ýaş alymlar guramasynyň adyndan (MYSO) türkmenistanly ýaşlara 2025-nji ýylda gazanan üstünlikleri üçin altyn medal gowşuryldy.
Iň gowy ylmy işi üçin zehinli türkmen talyplary Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasynyň (IYSA) «Semi Grand Award» ýokary baýragyny aldylar.
Türkmenistanly talyplar dünýäniň dürli ýurdundan ýaş alymlaryň ýüzlerçe topary bilen bäsleşip, uly abraýly halkara bäsleşiginde şeýle ajaýyp netijeleri gazandylar. V halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda 24 ýurtdan 446 topar ylmy üstünliklerini görkezdiler.
Indoneziýa, Türkmenistan, Awstriýa, Hytaý, Gazagystan, Filippinler, Günorta Afrika, Meksika, Gonkong, Saud Arabystany, Günorta Koreýa, Özbegistan, Tailand, BAE, Bangladeş, Eýran, Rumyniýa, Braziliýa, Türkiýe, Singapur, Wýetnam, ABŞ, Hindistan we Malaýziýa ýaly ýurtlardan gelen ýaşlar durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we täze tehnologiýalary ösdürmek ýaly ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirilen innowasion ylmy işler bilen çykyş etdiler. Ýaş alymlaryň işleri: jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, durmuş çäreleri, innowasiýa ylymlary we inženerçilik ýaly bäş ugurdan tanyşdyryldy.
Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasynyň (IYSA) her ýyl guraýan Halkara ýarmarkasy ýaşlaryň halkara derejesinde ylym, bilim, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda gazananlaryny öwrenmekde, ösdürmekde we baha bermekde, şeýle hem bu ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde we özara gatnaşyklary berkitmekde täsirli meýdançadyr.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu abraýly çärä gatnaşmagy we gazanan üstünlikleri ýurtda ýaş alymlaryň işini baýlaşdyrmakda we höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle uly derejedäki wakalar tagallalaryň netijeliligini we döwletiň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan milli ylym hem bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we kämilleşdirmäge Türkmenistanyň hemişelik islegini nygtaýar.