Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça «ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly bäsleşigine gatnaşjaklaryň bellige alynmagy dowam edýär. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde yglan edildi.
Bäsleşik telekeçilik başarnyklaryny özleşdirmegi we öz işewürligini döretmegi maksat edinýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň innowasion işlerini hem-de start-up başlangyçlaryny höweslendirmek we goldamak, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalary başarnykly ulanyp bilýän maksada okgunly nesilleri terbiýelemek maksady bilen geçirilýär.
Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda işleýän telekeçileriň, işewürleriň hem-de gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň arasynda özara hereket etmek we tejribe alyşmak üçin şertleri hem-de mümkinçilikleri döretmek, telekeçilik medeniýetini ösdürmek, start-up ekoulgamynyň hereket edişini gowulandyrmak bäsleşigiň wezipeleriniň hataryndadyr.
Bäsleşige 30 ýaşa çenli bolan, telekeçilik ukyplaryna eýe hem-de bilim we ylym edaralary tarapyndan teklip edilen ýaşlar gatnaşyp bilýärler. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň talyplary, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň işgärleri hem-de beýleki ýaşlar özbaşdak bolşy ýaly, toparlaryň düzüminde-de çykyş edip bilýärler.
Bäsleşik ýedi ugur: emeli aň, robot tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, akylly şäher, bilim we elektron häsiýetli okuw, sanly lukmançylyk, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar taslamanyň mazmunyny, onuň maksada laýyklygyny, ähmiýetini hem-de garaşylýan netijelerini beýan edýän 5-10 sahypa möçberde taslama işiniň tanyşdyrylyşyny taýýarlamalydyrlar. Taýýar tanyşdyrma PDF görnüşinde ictstartaptdei@gmail.com elektron salgysyna 15-nji aprele çenli iberilmelidir. Bäsleşigiň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar dilden hasabatlary, şeýle hem wideotanyşdyrmany ýa-da öz taslamalary barada tematika wideoşekilleri görkezerler.
Bäsleşige gatnaşjaklar tarapyndan hödürlenilýän her taslama şu taslamalaryň ugurlarynyň birine degişli bolmalydyr: kiçi işewürligi döretmek, satyn alyş taslamalary, iri taslamalar, döredijilik ýa-da durmuş maksatly taslamalar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary, hoşallyk hatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler ýörite salgy boýunça Google-beýanaty dolduryp bellige alynmalydyrlar.
Bäsleşik 18-19-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 09:00-dan 18:00-a çenli geçiriler. Goşmaça maglumatlary +993 522 5-75-02; +993 62 65-88-55 telefon belgilere jaň edip alyp bilerler.