Zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Onda Lebapdan 14 ýaşly mekdep okuwçysy Jahan Rejepowa ýeňiş gazanyp, türkmen küşt taryhynda ýurduň iň ýaş çempiony boldy.
Ýaryş Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde 12 küştçiniň bir aýlawda öz aralarynda oýnamagynda 10 gün dowam etdi.

Ýaryşdan öň hünärmenleriň köpüsi FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär Leýla Şöhradowa çempion bolar diýip çaklaýardylar. Emma ýaş küştçi Jahan (FIDE görkezijisi – 1968) çaklamalary puja çykardy. Ol mümkin bolan 11 utukdan 9,5 toplap, ikinji orny eýelän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, sport ussatlygyna dalaşgär aşgabatly Ogulsuraý Baýrambaýewadan (görkezijisi – 1879), Lebapdan Leýla Şöhradowadan (görkezijisi – 1986) 2 utuk öňe saýlandy.

Uly ýaşlylaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanan Jahan Rejebowa FIDE-niň ussady derejesini almak kadasyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň ýaş çempiony Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýar, ol tälimçi Zumrat Açylowanyň ýolbaşçylygynda welaýat merkeziniň 13-nji sport mekdebinde küşt tilsimlerini öwrenýär.

Jahan 13 ýaşyndan bäri Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň agzasy. Geçen ýyl Budapeştde (Wengriýa) geçirilen 45-nji Bütindünýä olimpiadasynda J.Rejebowanyň soňky tapgyrda Horwatiýadan FIDE-niň ussady Patrisiýa Wuýnowiçden (görkezijisi – 2134) üstün çykmagy netijesinde türkmen küştçüleri «C» toparçada kiçi altyn medal gazandylar, olar has gowy netijäni görkezip, umumy sanawda 169 toparyň arasynda 32-nji orny eýeledi.

2025-nji ýyldaky milli çempionatyň netijelerine görä, ýeňijileriň hemmesi, şeýle hem 4-nji ýeri eýelän aşgabatly Bägül Ezizowa-da Türkmenistanyň zenanlar toparynyň düzüminde geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Türkmenistanyň çempionatynyň beýleki netijeleriniň arasynda iň ýaş türgeniň – lebaply 10 ýaşly Aýa Baýramowanyň şowly oýnap, 4 utuk bilen 12 küştçiniň arasynda 9-njy orny eýeländigini bellemek gerek.