Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň başlangyjy bilen onlaýn görnüşde hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy.
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ähli fakultetleriniň, esasan-da, geljekki rus dilçi hünäri boýunça taýýarlanylýan rus dili we edebiýaty fakultetiniň ýüzden gowrak mugallymlary hem-de ýokary ýyl talyplary okuwlaryň diňleýjileri boldular.
Okuwlarda M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň rus dili we medeniýeti institutynyň direktory Waleriý Çastnyh, M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň filologiýa fakultetiniň iň täze rus edebiýatynyň taryhy we häzirkizaman edebiýat işleri kafedrasynyň müdiri, professor Mihail Golubkow, bu fakultetiň professory Lew Trahtenberg ýaly meşhur rus alymlary, dilçileri hem-de ýazyjylary we beýlekiler çykyş edýärler.
Okuwlaryň baý bilim maksatnamasy rus edebiýatyny okatmagyň möhüm meseleleri boýunça umumy sapaklary özünde jemleýär. Ol okuwlara gatnaşyjylaryň rus edebiýatyny okatmagyň häzirkizaman esaslaryny we usullaryny, «seteratura» (internet torunyň edebiýaty) we onuň özboluşlylygy temasyny, şeýle hem häzirkizaman edebiýat işleriniň hereket etmeginiň aýratynlyklaryny we esasy ýörelgelerini özleşdirmäge gönükdirilendir.
Rus kärdeşler öz çykyşlarynda türkmen we rus halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy taýdan emele gelen dostlukly häsiýetini nygtaýarlar. Şunuň bilen baglylykda M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň hünärmenleri milli edebiýatda türkmenleriň ýaşaýyş durmuşynyň, däp-dessurlarynyň, özboluşly türkmen tebigatynyň beýan edilýändigini belleýärler. Bu bolsa beýik rus ýazyjylaryny türkmen halkyna hem-de onuň edebiýatyna çuňňur gyzyklanma bildirýändigi barada habar berýär. Şeýle awtorlaryň hatarynda ýazyjy we A.M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň rektory Alekseý Warlamow durmuşynyň käbir sahypalary we döredijiligi Türkmenistan bilen ysnyşykly baglanyşykly bolan rus ýazyjysy, şahyry, publisisti Andreý Platonow barada aýtdy.
Okuw-bilim çäresiniň geçirilmegi köp babatda türkmen mugallymlarynyň hünär boýunça ukyp-başarnyklaryny gowulandyrmaga we ösdürmäge, gymmatly tejribe alyşmaga, ýokary okuw mekdepde bilim beriliş işini baýlaşdyrmaga hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmäge ýardam eder. Bu bolsa Türkmenistanda ileri tutulýan wezipeleriň biridir.