Ï «Dünýä bezegi – zenan kalby» atly brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dünýä bezegi – zenan kalby» atly brifing geçirildi

view-icon 1960
«Dünýä bezegi – zenan kalby» atly brifing geçirildi

Düýn paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda aýdym-sazly brifing geçirildi. «Dünýä bezegi — zenan kalby» atly brifing Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda boldy.

Onda «Esger» gazetiniň uly habarçysy Aýgül Garaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Jeren Öwezowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy Ogulsadap Durdyýewa çykyş etdiler.

Çykyşlarda zenanlaryň biziň ýurdumyzda jemgyýetiň işjeň agzalary bolup durýandygy, olaryň gaýratly zähmetiniň miwesini ýurdumyzyň islendik ulgamynda görüp bolýandygy, zenanlarymyzyň joşgunly, döredijilikli zähmeti berkarar ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine özboluşly goşant goşýandygy, ukyp-başarnygyny, gaýratyny, merdanalygyny, ojagyna çäksiz wepadarlygyny dünýä nusgalyk ýaýýandygy, gyz-gelinlerimiziň watansöýüjiligi, lebzi halallygy, mertebeligi, päkligi, olaryň gowy häsiýetleri barada halk döredijiligimizde giň orun berilýändigi dogrusynda buýsançly beýan etdiler. 

Şeýle hem gyz-gelinlerimiziň ajaýyp durmuşy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.