Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň nobatdaky çempionaty başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň nobatdaky çempionaty başlanýar

view-icon 880
Futbol boýunça Türkmenistanyň nobatdaky çempionaty başlanýar

Şu gün ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 33-nji çempionaty Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň «Sport desga» stadionynda «Ahal» topary bilen Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň arasyndaky oýun bilen başlanýar.

8 topar dört tapgyrda özara duşuşyklarda milli çempionatyň medallary ugrunda bäsleşer. Üç topar – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlary paýtagtymyza, Balkanabatdan «Nebitçi» we Türkmenbaşydan «Şagadam» toparlary Balkan welaýatyna, «Ahal» topary Ahal welaýatyna, «Merw» topary Mary welaýatyna, Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» topary bolsa döwlet derejeli Arkadag şäherine wekilçilik edýär. 

Birinji tapgyr 5-nji martda paýtagt derbisi «Altyn asyr» we «Aşgabat», «Şagadam» hem-de «Merw» toparlarynyň oýny bilen dowam eder.

Çempionatyň birinji iki tapgyry 4-nji martdan 22-nji iýun aralygynda geçiriler. Ikinji we üçünji tapgyryň oýunlary möwsümiň ikinji ýarymynda bolar. Çempionatyň jemi boýunça Türkmenistanyň iň güýçli iki topary Aziýa klublarynyň ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Geçen ýylyň çempionatynda «Arkadag» topary ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Kümüş medaly «Ahal» topary, bürünç medaly «Altyn asyr» topary eýeledi.