Ï Milli saz gurallaryň konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli saz gurallaryň konserti boldy

view-icon 1018
Milli saz gurallaryň konserti boldy

«Täze zaman» ýaşaýyş toplumyndaky 137-nji orta mekdepde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň milli gurallar bölümi konsert berdi.

Sazçylyk mekdebiniň talyplary we mugallymlary milli türkmen halk aýdymlaryny, Pürli Saryýew we Annageldi Jülgäýew ýaly zehinli mukamçy kompozitorlaryň, şeýle hem Weli Muhadowyň, Nury Halmämmedowyň, Rejep Rejebowyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Tomaşaçylar dutarçylaryň, gyjakçylaryň we tüýdükçileriň, kanon we baglama saz gurallarynyň sazandalarynyň çykyşlaryndan lezzet aldylar. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Gadam Jumagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Şirwan» halk saz gurallary talyplar orkestriniň çykyşy konserte özboluşly bezeg berdi.

Birnäçe gezek döwlet we halkara bäsleşiklerinde baýrak alan orkestriň çykyşy tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldy. Tomaşaçylaryň köpüsi olaryň çykyşyna goşulyp aýdym aýtdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan konsert aýdym-saz sungatyny goramagyň ähmiýetini we jemgyýetde sazlaşygy hem ynamy berkitmekde milli gurallaryň tutýan ornuny nygtady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şeýle medeni çäreler aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýurduň aýdym-saz gymmatlygyny gorap saklamakda we ösdürmekde medeniýet işgärleriniň alyp barýan işleriniň wajypdygyny görkezýär.