Türkmenistanly tennisçi gyzlar şu gün Malaýziýanyň Kalimantan adasyndaky Sarawak ştatynyň paýtagty Kuçingde başlanan Aziýa/Okeaniýa zolagynda 16 ýaşa çenli oýunçylaryň Billi Jin King Kubogy ugrunda deslapky saýlama ýaryşda Wýetnam toparyny 3:0 hasabynda utdy.
Jemi 14 ýurtdan bolan toparlar ýaryşyň birinji tapgyryna gatnaşmak üçin dört toparça bölünýärler. «A» toparçada Filippinleriň (1-nji belgili), Guamyň, Kuweýtiň; «B» toparçada Şri-Lankanyň (2-nji belgili), Wýetnamyň, Türkmenistanyň; «C» toparçada Malaýziýanyň (4-nji belgili), Ýuwaş umman ýurtlary topary (5-nji belgili), Maldiwleriň, Mongoliýanyň; «D» toparçada Singapuryň (3-nji belgili), Liwanyň (6-njy belgili), Bruneýiň, Bangladeşiň toparlary bar.
Her toparçadan iň güýçli iki topar ýaryşyň utulan-çykdy bölegine çykar.
Bäsleşige Türkmenistanyň toparyna: Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ilima Guseýnowa, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Möwlamowa we Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jennet Çaryýewa wekilçilik edýär.
Türkmenistanyň toparynyň ilkinji oýnunyň ykbaly ýekelikde çykyş edýänleriň oýnunda çözüldi, birinji oýunda Jennet Çaryýewa Wi Tram Kuangy 6:1, 7:5, ikinji oýunda Ilima Guseýnowa Thi Ýen Nhi Kuangy üç setde 3:6, 6:2, 6:1 hasabynda ýeňdiler. Toparlaýyn ýeňiş üçin ähmiýeti bolmadyk jübütleriň oýnunda Ilima Guseýnowa we Aýnur Möwlamowa Ngok Dong Nhi Nguýeni we Wi Tram Kuangy super taý-breýkde 5:7, 6:2, [10:6] hasabynda ýeňdiler.
Beýleki toparçalardaky ilkinji oýunlar: «A» toparçada Kuweýt – Guam – 3:0; «C» toparçada Malaýziýa – Mongoliýa – 3:0, Maldiwler – Ýuwaş umman ýurtlary topary – 3:0; «D» toparçada Singapur – Bangladeş – 3:0, Liwan – Bruneý – 3:0 hasabynda tamamlandy.
Billi Jin King Kubogy ýaryşy zenanlaryň arasynda tennis boýunça iň iri toparlaýyn halkara ýaryşdyr. Ýaryşy Halkara tennis federasiýasy (ITF) guraýar. 1963-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli bu ýaryş Federasiýa kubogy diýlip atlandyrylýar, soňra 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda amerikaly tennisçisi zenan Billi Jin Kingiň hormatyna üýtgedildi. 16 ýaşa çenli tennisçi gyzlar ululardan aýrylykda bu baýrak ugrunda bäsleşýärler.