Ï Fransuz institutynda küşt oýny boýunça ýaryş geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransuz institutynda küşt oýny boýunça ýaryş geçirildi

view-icon 1603
Fransuz institutynda küşt oýny boýunça ýaryş geçirildi
camera-icon
Türkmenistanyň küşt federasiýasynyňky

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Aşgabatdaky Fransuz institutynda bu okuw mekdebi bilen bilelikde geçirilen ilkinji «ýyldyrym» küşt ýaryşyna dürli ýaşdaky 40 oýunçy gatnaşdy.

Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça 7 tapgyrda geçirildi. Onda her göçüm üçin 3 sekunt artdyrmak bilen, her oýunça 5 minut berilýärdi. Bäsleşige gatnaşmak tölegsiz boldy, bu bolsa isleg bildirip, şäheriň dürli künjeginden gelenlere mekdep okuwçylary, talyplar we küşt söýüjiler bilen bir hatarda ýaryş şertlerinde küşt tagtasynda öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.

Italiýanyň Türkmenistanda sertifikatlaşdyrma hyzmatyny amala aşyrýan «Rina» kompaniýasynyň işgäri Serdar Altyýew ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ol mümkin bolan 7 utukdan 6,5 utuk gazandy. Serdar – küşt höwesjeňi. Köplenç, bu gyzykly meşhur oýny internet arkaly oýnaýar. Serdar üçin bu ýaryşyň ömründe ilkinji bäsleşik bolandygy bellärliklidir. Ikinji orny Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kirill Melihow eýeledi. Ilkinji üçlügiň soňky setiri 5,5 utugy bolan hünäri boýunça aklawçy Maýsa Ýazyýewa ýetdi.

Degişlilikde 12 ýaşa çenli gyzlaryň we oglanlaryň arasynda iň gowy netijeleri görkezen Merýem Ýazmyradowa bilen Artýom Kolosow hem baýraksyz galmady.

«Kalkulýator gyz» lakamy bilen tanalýan Liwanur Berdiýewanyň gatnaşmagy ýaryşa aýratyn öwüşgin berdi. Bu ýaş, sada gyz akyl arifmetikasynyň ussady, 2024-nji ýylda Russiýa telewideniýesiniň 1-nji kanalyndan görkezilýän «Täsin adamlar» teleşowhuna Türkmenistandan gatnaşan ilkinji adam boldy.

Bu bäsleşigiň «Küşt älemi» küşt akademiýasynyň, «Readit» kitap dükanynyň, «Belle» goşundysynyň we TKF-niň beýleki hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen geçirilendigini hem bellemek zerurdyr.