Futbol boýunça Türkmenistanyň 33-nji çempionaty sişenbe güni «Ahal» toparynyň Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykmagy bilen başlandy. Duşuşyk Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki «Sport desga» stadionynda boldy.
Däp bolşy ýaly, sport toplumynyň meýdançasynda duşuşykdan öň täze milli çempionatyň başlanmagynyň şanyna Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.
Duşuşygyň birinji ýarymynda «Ahal» toparynyň kapitany Elman Tagaýew hasaby açmak mümkinçiligini elden gidirdi. Onuň depen pökgüsi garşydaşlarynyň derwezesiniň kese agajyna düşdi. Şeýle bolsa-da, Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky çempionatynyň ilkinji pökgüsi arakesmeden öň tora girdi. 38-nji minutda Magtymberdi Berenow hasaby açdy. Elman Tagaýewiň geçiren pökgüsini alan Magtymberdi Berenow jerime meýdançasyna iki goragçynyň deňinden hileli tilsim bilen geçip girdi we 13 metrden derwezeban Batyr Babaýewiň çep tarapyna takyk depip, «Nebitçi» toparynyň derwezesine pökgini saldy.
73-nji minutda duşuşygyň ikinji ýarymynda meýdança çykan Daýanç Meredow derwezäniň öňüne baryp, pökgüni Gurban Annaýewe takyk geçirdi, olam 6 metrden «Nebitçi» toprynyň derwezesine ikinji pökgini saldy.
Duşuşygyň gutarmagyna galan wagtda Welsähet Öwezowyň topary ýeňişli hasaby saklap galyp, ilkinji 3 utuk gazandy.
«Ahal» topary indiki duşuşygynda 14-nji martda öz meýdançasynda Aşgabadyň «Köpetdag» toparyny kabul eder, «Nebitçi» topary bolsa 10-njy martda paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparyny kabul eder.
2025-nji ýyldaky Türkmenistan çempionatynyň başlangyç tapgyrynda 5-nji martda «Altyn asyr» – «Aşgabat», «Şagadam» – «Merw» toparlarynyň duşuşyklary bilen dowam etdi. «Arkadag» topary bilen «Köpetdag» toparynyň arasyndaky 1-nji tapgyryň soňky duşuşygy, häzirki milli çempionyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda Hindistanyň «Ist Bangala» topary bilen çärýek final duşuşygyna gatnaşýandygy üçin ätiýaçdaky güne geçirildi.
8 topar dört tapgyrda özara duşuşyklarda milli çempionatyň medallary ugrunda bäsleşer. Üç topar – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagtymyza, Balkanabatdan «Nebitçi» we Türkmenbaşydan «Şagadam» toparlary Balkan welaýatyna, «Ahal» topary Ahal welaýatyna, «Merw» topary Mary welaýatyna, Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» topary döwlet derejeli şähere wekilçilik edýärler.
Ýurdumyzyň çempionatynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» topary öz meýdançasynda «Şagadam» topary bilen duşuşar.
Ýylyň ahyrynda tamamlanýan çempionatyň netijelerine görä, Türkmenistanyň iň güýçli iki topary Aziýa klublarynyň ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Geçen ýylky çempionatda «Arkadag» topary ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony bolandygyny ýatladýarys. Kümüş medallary «Ahal» topary, bürünç medallary «Altyn asyr» topary eýeledi.