Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslamanyň IV möwsüminiň VI saýlama oýny geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär.
IV möwsümiň täze oýny «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: yklymlary birleşdirýän ýollaryň mizemez binýady» diýen tema bagyşlandy. Bu tema boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň sekizisi – Aşgabat şäherindäki, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylary öz bilimlerini we taýýarlyklaryny görkezdiler.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Oýnuň dowamynda okuwçylar tema boýunça ýeňil bolmadyk ýumuşlara we sowallara ynamly hötde geldiler, öz pikir-garaýyşlaryny ynandyryjy we işjeň goradylar, bu bolsa öz ýurdunyň taryhyna, onuň içeri we daşary syýasatyna, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryna çuňňur gyzyklanmalaryny aýdyň görkezdi.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, institutyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Perhat Çaryýew, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Gülşirin Agaýewa eminlik etdiler.
Gyzykly we özüne çekiji geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Näzik Amanowa hem-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Ýusupbaý Ýanabaýew ýeňijiler diýlip yglan edildi. Bu okuwçylar taslamanyň ýarym finalyna gatnaşmaga hukuk aldylar. Ýarym finala gatnaşjaklaryň düzümi saýlama oýunlarynyň öňde geçiriljek ýene-de ikisiniň netijeleri boýunça doly emele geler.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Ýeňijilere we oýna gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary hem-de çäräniň hemaýatkärleri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak boýunça milli federasiýasynyň sowgatlary gowşuryldy.
Oýnuň geçişini Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymynyň wekilleri ýazgy etdiler. Taslama uly gyzyklanma bilen mawy ekran arkaly tomaşa edýän köp sanly türkmen teletomaşaçylary üçin oýun ýakyn günlerde ýaýlymda görkeziler.