Ï Türkmenistanly hokkeýçiler Taýlandda geçirilýän ýetginjekler dünýä çempionatynda GAR-yň toparyny utdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly hokkeýçiler Taýlandda geçirilýän ýetginjekler dünýä çempionatynda GAR-yň toparyny utdylar

view-icon 1528
Türkmenistanly hokkeýçiler Taýlandda geçirilýän ýetginjekler dünýä çempionatynda GAR-yň toparyny utdylar

Türkmen hokkeýçileri Bangkokda (Tailand) geçirilýän «B» toparçanyň üçünji bölüminde 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny 18:7 hasabynda utup, ikinji ýeňşini gazandy.

Birinji duşuşykda, ozal habar berlişi ýaly, ildeşlerimiz Lýuksemburgyň toparyny 8:2 (1:0, 3:2, 4:0) hasabynda ynamly ýeňdiler, soňra 3:4 (1:0, 0:3, 2:1) hasabynda Tailandyň toparyndan utuldylar, geçen ýyl olary 7:2 hasabynda utupdylar, üçünji tapgyrda bolsa Özbegistanyň toparyndan 2:8 (2:4, 0:3, 0:1) hasabynda asgyn geldiler.

Türkmen hokkeýçileri bir ýyl mundan ozal Keýptaunda geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda GAR-yň milli ýygyndysy bilen duşuşypdy. Şonda hem toparymyz 6:2 hasabynda utupdy.

Bu gezek hem duşuşyk Türkmenistanyň ýetginjekleriniň uly artykmaçlygynda geçdi. GAR-yň hokkeýçileri diňe ilkinji iki döwürde garşylyk görkezmäge synanyşdylar, olaryň hersi türkmen toparynyň peýdasyna iki şaýba artykmaçlygy bilen jemlendi. 

Iki döwürde 4:8 – dört şaýba tapawudy bilen utulýan GAR-yň hokkeýçileri soňky 20 minutda türkmen toparynyň hüjümlerine garşy durup bilmediler, öz derwezesine ýene-de 10 şaýba goýberip, garşydaşlarynyň derwezesine 3 şaýba geçirdiler.

Toparymyzda has netijeli oýnan «Galkan» toparyndan Soltanhamit Wahidow we «Şir» toparyndan Isgenderhan Durdyýewdy. Olaryň birinjisi penta-trik (5 şaýba), ikinjisi poker (4 şaýba) geçirdi. Meretgeldi Kakaýew üç, Aga Annamyradow bilen Daýanç Batyrowyň hersi iki şaýba geçirdiler. Şöhrat Begliýew we Serdarmyrat Ýollyýew hem bir gezek tapawutlandylar.

Duşuşykdan soň bilermenler topary oýnuň iň gowy oýunçylaryny bellediler. GAR-yň milli ýygyndysyndan iki gol salan Duwan wan der Merwe we Türkmenistanyň toparyndan hüjümçi Iskenderhan Durdyýew güýçliler diýlip yglan edildi.

Jemleýji tapgyrda türkmen hokkeýçileri Bosniýa we gersegowinaly deň-duşlary bilen duşuşar, olar ikinji tapgyrda GAR-yň toparyny 4:3 (0:1, 3:1, 1:1) , üçünji tapgyrda Lýuksemburgyň toparyny jerime urgysy boýunça 5:4 (0:1, 3:1, 1:2, owertaým 0:0, bullitler 1:0) hasabynda utup, dördünjide bolsa Özbegistanyň toparyndan 3:11 (1:2, 1:4, 1:5) hasabynda utuldy.

4-nji tapgyryň beýleki bir duşuşygynda Tailandyň topary Lýuksemburgyň toparyny 10:0 (5:0, 2:0, 3:0) hasabynda ýeňdi.

Soňky tapgyrdan öň Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinanyň toparyndan 1 utuk öňe geçip, 6 utuk bilen üçünji orunda durýar. Ýaryşda özbegistanly we tailandly ýetginjekler 12 utuk toplap, öňde barýarlar, indi olar özara duşuşykda üçünji bölümiň has güýçli «A» toparçasyna çykmak ugrunda bäsleşerler.

Geçen ýyl Keýptaunda (GAR) geçirilen U18 dünýä çempionatynda Guwanç Jepbarowyň we Maksat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýetginjekler topary üçünji bölümiň «B» toparçasynda dört toparyň arasynda «A» toparça çykmaga hukuk gazanan gonkongly hokkeýçilerden asgyn gelip ikinji orny eýeledi.