Ï Türkmenistan pandemiýa garşy taýynlyk we göreş babatynda milli meýilnama düzýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan pandemiýa garşy taýynlyk we göreş babatynda milli meýilnama düzýär

view-icon 2000
Türkmenistan pandemiýa garşy taýynlyk we göreş babatynda milli meýilnama düzýär

Dem alyş patogeninden döreýän pandemiýa garşy taýynlyk we göreş babatynda Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýurt boýunça edarasy maslahat beriş we tehniki toparyny gurady.

Toparyň düzümine BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň hünärmenleri Klar Blekmor we Mihal Hegermann-Lindenkron, şeýle hem BSGG-niň ştab-kwartirasyndan pandemiýa garşy meýilnamalaşdyryş we taýýarlyk boýunça hünärmen Sara Li Hess girdi. Olaryň gatnaşmagynda Aşgabatda milli pudagara maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň täze howplara garşy taýýarlygy üpjün etmek we olara garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça başlangyjy bilen tanyşdyryldy. Bu başlangyç jemgyýetçilik saglygyny goramakda adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylan bilelikdäki okuw we köpçülikleýin herekete çemeleşmelerini öz içine alýar.

Maslahata gatnaşanlar maksatnamanyň adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleri sazlaşdyrmak, bilelikdäki gözegçilik, ilat goragy, kliniki kömek we pandemiýanyň öňüni alyş hem oňa garşy göreş serişdelerine elýeterlilik ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Esasy pikirler Türkmenistanyň pandemiýa garşy taýynlyk we göreş meýilnamasynyň işlenip düzülmegini göz öňünde tutular.