Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» we Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparlary Türkmenistanyň futbol çempionatyna üstünlikli başladylar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Hazar ýakasynyň topary bolsa hut şunuň ýaly hasap bilen Marynyň «Merw» toparyny utdy.
«Altyn asyr» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçdi. 24-nji minutda Şöhrat Söýünowyň oýundan çykarylmagy sebäpli, ýer eýeleri azlykda galdy. Şeýle-de bolsa, myhmanlar san taýdan artykmaçlykdan peýdalanyp bilmediler. Üstesine-de, 79-njy minutda Zafar Babajanowyň urgusyndan soň olar galan wagtda öwezini dolup bilmedik bir pökgini öz derwezelerine goýberdiler.
Balkanabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirilen «Şagadam» bilen «Merw» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ykbalyny 13-nji minutda Hydyrgeldi Atajanowyň derwezä salan pökgüsi kesgitledi.
Bu ýeňişlerden soň «Altyn asyr» we «Şagadam» toparlary şondan öň öz meýdançasynda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, öňde barýan «Ahal» topary bilen utuk sanyny deňledi. «Arkadag» bilen «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky birinji tapgyryň soňky duşuşygy, häzirki milli çempionyň 12-nji martda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyna garşy AFK Çagyryş ligasynyň ýakyn wagtda öz meýdançasynda oýnaljak çärýek final duşuşygyna taýýarlygy bilen baglylykda belli bir güne çenli yza süýşürildi. Bu toparlaryň Kalkuttada bolan ilkinji duşuşygynyň «Arkadag» topary üçin ýeňiş bilen tamamlanandygyny ýatladýarys – 1:0.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyry 10-njy martda «Aşgabat» – «Şagadam» we «Nebitçi» – «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen başlanyp, 11-nji martda «Köpetdag» we «Merw» toparlarynyň duşuşygy bilen dowam eder.