Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow 8-nji martyň, ýagny Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda açylan şahsy sergisini Türkmenistanyň zenanlaryna bagyşlady. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda açyldy. Oňa ilkinji bolup gelenler bolsa döredijilik ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary boldy.
Serginiň açylyş dabarasynda awtor hakynda köp hoş sözler aýdyldy. Çykyş edenler Babasary Annamyradowyň eseriniň islendik ugurda işleýän ýaş suratkeşler üçin göreldedigini nygtadylar. Sergide almanyň köplügi geň galdyrýardy. Adatça, olar altyndan. Ýöne agaçdan ýasalan almalar-da bardy, özi-de kesilen görnüşde. Bular tebigy almalardan ep-esli uludy. Olar aýry-aýry sergilerde ýerleşýärdi ýa-da beýleki heýkelleriň üstüni ýetirýärdi. Size bir syr açaýyn: akademiýanyň muzeýiniň Altyn gaznasynda Babasary Annamyradowyň öz heýkeli dur, elinde bolsa altyn alma bar.
Sergide goýlan eserleriň arasynda «Tolkun üstünde çapýanlar» atly köp görnüşli heýkel aýratyn tapawutlanýar. Haýsydyr bir adatdan daşary şatlykly wakadan ruhlanan üç gyz bu habary tizden-tiz ildeşlerine ýetirmek üçin jan edip, ylgap barýarlar. Ylgap barýanlaryň göçgüni tomaşaçylary bendi edýär. Gyzlar şeýle bir ylgaýarlar welin, iň gowy çaparlaryň-da olara gözi giderdi.
Käbir tomaşaçylar bu heýkeli başgaça düşündirýärler. Tolkunlar biziň suwa zar ýerlerimize gelip ýeten Garagum kanalynyň suwy, gyzlar bolsa bu waka bolan begenjiň we şatlygyň alamatydyr. Babasary Annamyradow ähli düşündirişleri üns bilen diňleýär, ýöne syrly dymmagyny dowam etdirýär.
Bu sergide heýkeltaraşyň örän inçe duýgulary we hyýallary beýan etmek ukybynyň aýratyn bellenmegi ýöne ýere däldi. Onuň «Aşyklar» atly eserinde juwanlykdan birwagt saýlanan bir erkek bilen gelin otyr. Bu heýkel wagtyň geçmegi bilen pide bolup gidýän köne kerpiç diwara meňzeş serişdeden ýasalypdyr. Ähtimal, Babasary Annamyradow munuň bilen wagta boýun egmeýän söýginiň bardygyny aýtmak isländir.
Suratkeşiň ejesiniň býusti hiç hili düşündiriş talap etmeýär. Bu gartaşan zenanyň ýüz keşbi ilkinji bakyşdan Babasary Annamyradowy ýatladýar. Bu meňzeşligi iki sany ganybir şahsyň içki häsiýetleri has-da artdyrýar. Suratkeşi tanaýanymyz üçin biz hyýalymyzda onuň ejesine sypaýylyk, ýardam etmek islegli we başgalara düşünmek donuny geýdirýäris.
Awtor heýkellerden başga käbiri grafiki eser bolan portret žanryndaky suratlar sergisini-de görkezdi. Bu eserleriň aglabasy heýkeltaraşyň ruhy çeşmesi – sungat öwreniji Ogulabat Muhadowa bagyşlanýar. Babasary Annamyradow bu eserlerinde söýgüli aýalyna, wepaly dostuna we egindeşine bolan garaýşyny beýan edipdir. Sergä gatnaşan Ogulabat bolsa adamsynyň özüne bolan döredijilik garaýşyny Halkara zenanlar gününe iň gowy sowgat hökmünde kabul etdi.