«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary 1/4 finalyň birinji oýnunda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny 1:0 hasabynda utup, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalyna çykmaga golaý geldi.
AFK-nyň Çagyryş ligasy Aziýanyň Çempionlar ligasynyň we AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna gatnaşyjylar bilen deňeşdirilende, has gowşak toparlar gatnaşýan Aziýada üçünji derejeli klub ýaryşydyr. Ol futbola ukybyny görkezmäge hyjuwly toparlar üçin döredildi.
2024–2025-nji ýyllar möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň baýragy ugrunda ýaryş birinji tapgyrda geografik taýdan Günbatar we Gündogar zolaklara bölünen 18 klub duşuşdylar. Toparçalardaky oýunlardan soň sekiz topar şol sanda «B» toparçada «Arkadag» topary, «A» toparçada «Ist Bengal» topary ýeňiji hökmünde çärýek finala çykyp, olar 1/4 finalda duşuşdylar.
Hindistanyň Super kubogynyň eýesi toparçada «Ist Bengal» 1920-nji ýylda döredilen taryhy baý toparydyr. 2004-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli toparyň AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşlarda oýny şowlamady, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 12 ýylda ilkinji milli baýragyny alyp, 9 ýyldan soň Aziýa kuboklary ýaryşyna gaýdyp geldi.
Geçen ýylyň awgust aýynda «Ist Bengal» topary AFK çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň deslapky tapgyrynda öz meýdançasynda Türkmenistandan «Altyn asyr» toparyndan 2:3 hasabynda utulyp, has pes derejeli ýaryşa – AFK-nyň Çagyryş ligasyna düşmeli boldy.
Häzirki Aziýa ýaryşynda «Arkadag» topary bilen «Ist Bengal» toparynyň arasyndaky ilkinji çärýek final oýny 68000 orunlyk meşhur ruhany, filosof, ýazyjy, dini mugallym ady bilen tanalýan Wiwekananda Ýuba Bharati Kriranganyň hatyrasyna at berlen Solt-Leýk stadionynda geçirildi. Bäsdeşler bu oýna dürli derejede geldiler. «Ist Bengal» topary häzirki wagtda Hindistanyň Super ligasynda 13 klubyň arasynda 8-nji orunda, ýurdumyzyň iki gezek çempiony «Arkadag» topary ýakynda ýokary liganyň 6 toparynyň arasynda milli ýaryşda birinji orny eýeläp, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny hem aldy.
Oýnuň birinji ýarymynda meýdança eýeleri myhmanlardan topa iki esse golaý 63 we 37 göterim eýelik etdi. Muňa garamazdan, «Arkadag» toparynyň ilkinji hüjümi netijeli boldy. Duşuşygyň 10-njy minudynda Ýazgylyç Gurbanow ýoldaşynyň geçiren pökgüsini derwezeden öňe çykan derwezeban Prabhsukhan Singhiň 20 metr gapdalyndan depip, tora saldy.
Ikinji ýarymda hem «Ist Bengal» topary topa köp erk etdi (56 we 44 göterim). Şeýle bolsa-da, hindi kluby mundan peýdalanyp bilmedi. 59-njy minutda «Arkadag» toparyna hasaby artdyrmaga gowy pursat döredi. Ýöne Mirza Beknazarowyň urgusy derwezäniň kese sütünine degdi.
«Ist Bengal» topary bilen jogap oýny 12-nji martda Arkadag şäherindäki stadionda geçiriler. Iki oýnuň ýeňijisi ýarym finalda «Al-Arabi» (Kuweýt) – «Al-Sib» (Oman) toparlarynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Olaryň Kuweýtde bolan birinji oýny «Al-Arabi» toparynyň 1:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Bandar Al Salama goşmaça 91-nji minutda ýeňiş pökgüsini tora saldy.
Gündogar zolagyň 1/4 finalynyň beýleki birinji oýunlary şeýle tamamlandy: «Prea Han Baý Swaý Rieng» (Kamboja) – «Şan Ýunaýted» (Mýanma) – 6:2, «Taýnan Siti» (Taýwan) – «Madura Ýunaýted» (Indoneziýa) – 0:0.
Ýarym final oýunlary 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinden 17-nji apreli aralygynda geçiriler. 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda bolsa final oýny göz öňünde tutulýar.