Türkmen tennisçileri 9 – 16-njy mart aralygynda Antalýa welaýatynyň üçünji uly şäheri bolan Türkiýäniň Manawgat şäherinde geçiriljek ITF Masters toparlaýyn dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşarlar.
Ýekşenbe güni başlanan ýaryşda 30, 35, 40 we 45+ ýaş derejelerinde geçirilýän dünýä çempiony ady ugrunda bäsleşjege jemi 126 topar gatnaşýar.
Toparymyz geçen ýyl Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) başlygy Dewid Haggertiniň Türkmenistana eden sapary wagtynda Dewisiň Kubogy ýaryşynyň düzgünlerine laýyklykda geçiriljek şeýle abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin çakylyk aldy.
Ildeşlerimiz 30+ derejede çykyş ederler. Bu toparda 4 toparça bölünen 12 topar iň güýçli topar ady ugrunda göreşer. Germaniýa, Argentina we Portugaliýa «A» toparçada, Beýik Britaniýa, Türkmenistan we Kanada «B» toparçada, ABŞ, Hindistan we GAR «C» toparçada, Türkiýe, Irlandiýa we Şwesiýa «D» toparçada çykyş ederler.
Toparçalaryň ýeňijileri utulan-çykdy tapgyra çykarlar.
Ýaryşda toparymyza ozal we häzir meşhur türgenler: ýurdumyzyň birinji raketkasy, Türkmenistanyň bäş gezek öňki çempiony we soňky iki Kubogynyň ýeňijisi Ýuriý Rogusskiý, Aşgabadyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşyň bürünç medalynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem ozal 18 ýaşa çenli ITF Junior ýaryşynyň görkezijisinde iň güýçlüleriň 200-siniň sanawyna giren sport ussady, Türkmenistanyň öňki birinji raketkasy Aleksandr Ärnepesow we ýurduň öňki birinji raketkasy, häzirki wagtda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow dagy wekilçilik edýär. Olardan soňky ikisiniň 2013-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda Dubaýda (BAE) geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasynda Dewisiň Kubogynyň ýeňijisi bolandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda bolsa ussatlyk görkezmek üçin ýene ýurduň esasy toparyna ýygnandylar.
Toparymyzyň kapitanynyň wezipelerini ýurdumyzyň erkekler milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň baş tälimçisi, Türkmenistandan dünýäniň islendik ýurdunda professional oýunçylar bilen işlemäge mümkinçilik berýän ýeke-täk «PRO Level» derejesi şahadatnamasynyň eýesi Mirali Gasanow ýerine ýetirer.
Türkmen tennisçileri ilkinji oýunda ITF Masters ýaryşynda Beýik Britaniýanyň güýçli toparyna garşy oýnarlar.