Ï Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygy has-da berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygy has-da berkidilýär

view-icon 1017
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygy has-da berkidilýär

Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy 2025-nji ýyl üçin 12 hyzmatdaşy bilen 11 sany täze iş meýilnamasyna gol çekdi. Gol çekişlik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolup geçdi.

Bu ylalaşyklar taraplaryň Türkmenistanda çagalardyr ýaşlaryň hukuklaryny we abadançylygyny öňe sürmek boýunça umumy pikiriniň netijesidir. Hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Statisika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, şeýle hem Zenanlar birleşiginiň arasynda iş meýilnamalaryna gol çekildi.

Meýilnamalarda gender deňligi, ekologiýa durnuklylyk, giň gerimli syýasat we syýasaty hakyky maglumatlar esasynda işläp düzmek ýaly ileri tutulýan ugurlara ünsi jemlemek bilen, çaga goragyny, bilim berlişini, saglygy goraýşy we durmuşy hyzmatlary gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalar göz öňünde tutulýar. «Hyzmatdaşlygyň täze ýylyna gadam basmak bilen, ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümeti bilen iş meýilnamalaryny çagalar we ýaşlar üçin hakyky netijelere öwürmek boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyga öňküsi ýaly ygrarlydyr» diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna dowamly hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirmek bilen aýtdy.