Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parky derejesini bermegi tabşyrdy.
Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary we hünärmenleri halkara gatnaşyklary hem-de beýleki ýurtlardan kärdeşler bilen gatnaşyklary ösdürmek arkaly öz ylmy işleriniň we gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmelidir.
Häzirki wagtda Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak we bazara ýokary hilli içerki önümleriň ornaşdyrylmagyna ýardam edýän ylmy barlaglar geçirilýär. Biotehnologiýalar, azyk tehnologiýalary we derman serişdeleri önümçiligi barlaghanalary hyzmatdaşlyga taýýar. Olar biotehnologiýalar, azyk önümleri, lukmançylyk, ekologiýa we oba hojalygy pudagynda bilelikdäki taslamalary hem-de ylmy gözlegleri amala aşyrmak üçin özboluşly mümkinçilikleri teklip edýärler.
Ylmy-barlaglar, bilim, taslama, maslahat beriş ýaly ugurlar barlaghanalaryň esasy işidir. Mundan başga, obasenagat toplumynda, ekologiýa, derman senagaty, azyk senagaty we beýleki pudaklaryň kärhanalarynyň tabşyrygy boýunça goşmaça hyzmatlar hem hödürlenýär. Ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin biotehnologiýa, derman önümçiligi we azyk tehnologiýasy boýunça maslahatlar berilýär.
Kärine ökde hünärmenler häzirki zaman tehnologiýalaryny we enjamlaryny ulanyp, işläp taýýarlamalary goldamaga taýyndyr.
Gyzyklanýan adamlar, hususy kärhanalar we guramalar hyzmatdaşlygyň hem-de taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýüz tutup bilerler.
Habarlaşmak üçin:
telefon: +993 62 007505
E-poçta: altynaaarahmanova@gmail.com.