Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 1218

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Remezan aýy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Remezan aýy raýdaşlyga, rehimdarlyga, agzybirlige, birek-biregi goldamaga çagyrýar. Bu mübärek aý dost-doganlygy pugtalandyrmak üçin ajaýyp pursatdyr. Gudraty Güýçli Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de bagtyýarlyk dileýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund,,
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.