Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildi. Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýär.
Bäsleşige Türkmenistanyň ähli künjeklerinden orta mekdepleriň 9–12-nji synp okuwçylarynyň 25 müňe golaýy gatnaşýar. Olimpiada bäş ugur: logiki pikirlenmek, matematika, fizika, himiýa, biologiýa boýunça geçirilýär.
Intellektual bäsleşik 3 tapgyrda – etrap, welaýat we döwlet derejelerindäki tapgyrlarda guralýar. Olimpiadanyň birinji tapgyry 15-nji marta çenli dowam eder, ikinjisi – 8-nji aprelde meýilleşdirildi.
I we II tapgyrlardan üstünlikli geçen okuwçylar olimpiadanyň jemleýji III tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu tapgyr tomusky dynç alyş döwründe geçiriler. Bäsleşigiň finalçylary üçin baý maksatnama guralyp, onuň çäklerinde sport ýaryşlary, gyzykly gezelençler, düşünjäňi artdyrýan okuwlar hem-de beýleki çäreler geçiriler.
«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiadanyň ýeňijilerine uniwersitetiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin hödürnamalar berler.
Mundan başga-da, olimpiadanyň ýeňijileri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznasynyň düzümine girerler. Onuň agzalary bu ýokary okuw mekdebe girjek bolanlarynda ýeňillikden peýdalanýarlar.
«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiada paýtagtymyzyň hünäre ugrukdyryş taslamalarynyň biri bolup, 2023-nji ýylda işläp herekete girizildi. I we II olimpiadalarda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 42 müňe golaý ýokary synp okuwçylary çykyş etdiler. Şol olimpiadalaryň ýeňijileri «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznanyň düzüminiň döremeginiň başyny başladylar. Olaryň köpüsi häzirki günde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.
Olimpiada innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanyp bilýän, giňişleýin pikirlenmäge we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply, zehinli, başarjaň, işjeň ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Intellektual bäsleşik okuwçylaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge we goldamaga, ýurdumyzyň ýokary okuw we orta mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmek Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.