Ï Talyplar özleriniň zehin-başarnyklaryny görkezdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplar özleriniň zehin-başarnyklaryny görkezdiler

view-icon 197
Talyplar özleriniň zehin-başarnyklaryny görkezdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda zenanlaryň jemgyýetdäki orny barada maslahat boldy.

Halkara zenanlar gününe gabatlap geçirilen bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan ýola goýuldy.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparlary gatnaşdy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça ýokary mekdepleriň toparlarynyň arasynda guralan okuw bäsleşiginde Halkara gatnaşyklary institutynyň topary has gowy netije görkezdi. Okuwyň bu görnüşi talyplara derňewli pikirlenişi ösdürmäge, şeýle hem köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Maslahatyň myhmanlarynyň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň müdirlikleri we BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurt boýunça edarasynyň başlygy bardy.