Dünýäniň akyldarlarynyň, syýasatçylarynyň, alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň barlygyň goýnunda bar bolan ähli zady özünde jemleýän oý-pikir, aňyýet düwünçekli dünýäsine geýdirilen zer-zynatly lybasa meňzeýän kitaphana binasy iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri.
Köpüň barýan ýeri bolsa mukaddeslige öwrülýär. Bu ýerde zähmet çekýän, syrlar dünýäsine, bilimler ummanyna aralaşmaga ymtylýan ähli ýaşdaky ildeşlerimize hyzmat edýän kitaphananyň işgärleri bolsa, hazynalar ummanynyň guwwasyna çalym edýär. Bu ýere gelýän her bir adamyň gözleýän edebiýatyny tapyp bermek, onuň bilen bu eseriň mazmuny barada pikir alyşmak üçin kitaphananyň gaznasynda bar bolan kitaplar bilen tanyş bolmaly. Elbetde, onuň üçin irginsiz okamaly, öwrenmeli, bilmeli.
Ynha, şu ýerde hem döwrüň täze tehnologiýasy – elektron ulgamy kitaphanaçylara kömege gelýär. Häzirki wagtda okgunly ösüşlere eýe bolan ylmyň gazananlaryny – kämil tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler diňe bir fiziki zähmetiň däl, eýsem, akyl zähmetiniň hem üstünden «agyr ýüki» aýyrýar. Bu babatda kitaphana ulgamynyň hem döwür bilen deň gadam urýandygyny bellemek möhümdir. Bu bolsa, diňe bir kitaphananyň işgärleriniň işini ýeňilleşdirmän, eýsem, okyjylaryň hem wagtyny tygşytlamagyna we gözleýän kitaplaryna aralaşmagyna giň ýol açýar.
Häzirki döwürde bu ulgamda elektron kitaphanalar, elektron kitaplar barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu ugur boýunça ýurdumyzyň beýleki kitaphanalarynda bolşy ýaly dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan, okyjylara hyzmat etmek boýunça giň şertler döredilen Lebap welaýat kitaphanasynyň gaznasyndaky kitaplary elektron görnüşe geçirmek boýunça netijeli we yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ýerde, esasan-da, okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ummanyndan dörän eserleriň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň çeper eserleriniň, Berkarar Diýarymyzyň nurana keşbini, gözelliklerini we täsinliklerini teswirleýän kitaplaryň elektron nusgalary döredilýär. Şeýle hem welaýat kitaphanasynda okyjylara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk gelýän döwrebap hyzmaty ýola goýmak, kitaphana okyjy çekmegiň täze usullaryny gözlemek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak ýaly işler guramaçylykly dowam etdirilýär.
Welaýatyň kitaphanalarynda häzirki wagtda 1 million 378 müň 962 kitap bolup, häzirki döwürde olary bitewi elektron kitaphana ulgamyna ýüklemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Kitaphana boýunça 2025-nji ýylyň iki aýynda 109 kitap elektron görnüşe geçirilip, şu wagta çenli elektron kataloga ýüklenen kitaplaryň sany 11 müň 752-ä barabar bolupdyr. Kitaphanalarda alnyp barylýan işleriň döwrüň belent ruhy bilen sazlaşygy zerurdyr. Hut şonuň üçinem welaýatyň kitaphanalarynda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri, möhüm syýasy wakalar, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çuňňur mazmunyny kesgitleýän ýylyň şygary bilen baglanyşykly edebi we mowzuk agşamlary, söhbetdeşlikler, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.
Muňa bolsa ulgamda durmuşa ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar boýunça geçirilen «Elektron kitaphanalar ylymlar dünýäsine alyp barýan altyn derwezedir», «Kitaphanalar – bilimler ummany», «Kitaphanalara okyjy çekmegiň häzirkizaman usullary» ýaly okuw maslahatlary mysal bolup biler. Elektron kitaphanadan peýdalanýan okyjylaryň sanynyň hem barha artýandygyny, häzirki wagtda onuň 1 müň 689-a ýetendigini bellemek hem buýsançlydyr.
«Elektron kitaplar – elektron dünýä, munda geljegimiziň ylmy görünýär» diýlen ýörelgeden ugur alyp zähmet çekýän Lebap welaýatynyň kitaphana işgärleri ylym-bilim, şol sanda, kitaphana ulgamyna goýýan belent sarpasy, kitaphanaçylaryň netijeli işlemekleri üçin döredip berýän giň şertleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar.