Ï Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine iberiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine iberiler

view-icon 476
Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine iberiler

Mälim bolşy ýaly, ýurduň bilim edaralary bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda işgärleri taýýarlamak we ylmy gözleg ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek Türkmenistan üçin iň möhüm ugurlaryň biridir we bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemek halklaryň mundan beýläk-de ösmegine we ýakynlaşmagyna peýdalydyr.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk çalt depginde ösýär. Munuň şeýledigini ylmy we bilim merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen dürli derejede geçirilýän duşuşyklar, gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar aýdyň tassyklanýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewyň 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada beren hasabaty munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen ýaşlary maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine iberiler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.