Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 318

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigiňiz, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki wagtda tutuş adamzadyň isleg bildirýän iň uly gymmatlyklarydyr. Olaryň berkarar edilmegi netijesinde ýurtlaryň howpsuzlygy, halklaryň abadançylygy üpjün edilýär, ruhy baýlyk ösdürilýär we sazlaşyk pugtalandyrylýar. Şeýle forumyň Türkmenistanda geçirilmegi öňüni alyş diplomatiýasynyň ilerledilmegine, özara ynamyň berkidilmegine hem-de döwletleriň durnukly ösüşine ýardam eder, şol bir wagtda uzak möhletleýin ählumumy durnuklylygyň binýadyny goýmak bilen, gaýragoýulmasyz meseleleriň oňyn çözülmegine mümkinçilik berer. Ýokary derejeli çärä uly höwes bilen gatnaşmaga hem-de öňde boljak forumyň çäklerinde Siz bilen ýene bir gezek duşuşmaga şatdyryn.

Hormatlamak bilen,

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.