Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Tatarystandaky Innopolis uniwersitetinden bolan bilermen Rustam Dawletşin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçdi.
Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýola goýlan okuwlaryň hatarynda geçirildi. Okuw sapagy emeli aňyň halkara gatnaşyklaryndaky, hususan-da, halkara gepleşiklerdäki, galp maglumata garşy göreşdäki we howpsuz sanly gurşawy üpjün etmekdäki ornuna bagyşlandy.
Talyplar emeli aňyň ulanylyşynyň hakyky durmuş mysallaryna garamak bilen çekişmelere işjeň gatnaşdylar.