2025-nji ýylyň 19-njy martyndan 72-nji belgili «Awtokombinat – Türkmeniň ak öýi» awtobus ugry işe giriziler.
Bu ugur Milli bahar baýramy mynasybetli çäreler bilen baglanyşykly ilatyň ýol gatnawyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen ýola goýuldy. Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralar 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» geçiriler.
Bu başlangyç baýramçylyk çärelerinde raýatlara ýokary hilli ulag hyzmatlaryny bermäge gönükdirilendir.
Goşmaça maglumat almak üçin: +99361493495 we 44-35-20 telefonlara jaň ediň.