18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Materiallaryň garşylyklanmasy” diýen ders boýunça IV Açyk halkara internet-olimpiadasyny geçirdi.
Olimpiada dünýäniň 18 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Belarusdan, Ermenistandan, Eýrandan, Awstraliýadan, ABŞ-dan, Fijiden, HHR-den, Malaýziýadan, Pakistandan, Rumyniýadan, Türkiýeden we Ugandadan ýokary okuw mekdepleriň 117-sinden zehinli talyplaryň 895-si gatnaşdy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow olimpiada gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, talyplara ylym-bilim bäsleşiginde uly we ajaýyp üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.
Olimpiada onlaýn görnüşde türkmen, iňlis we rus dillerinde özbaşdak bäsleşikler hökmünde geçirildi. Oňa gatnaşyjylara 120 minutda 6 ýumuş çözmek teklip edildi. Olimpiadanyň eminleriniň düzümine türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professorlary hem-de mugallymlary girdiler.
Uly halkara waka mynasybetli paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdebinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy-barlag hem-de taslama işleriniň esasynda taýýarlanylan sergi guraldy. Daşary ýurtly myhmanlara türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň taýýarlan ylmy taslamalary giňden görkezildi. Şol işleriň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň taslamasy hem görkezildi. Onuň açylyp ulanylmaga berilmegi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda meýilleşdirilýär.
Çäräniň dowamynda şeýle olimpiadalaryň geçirilmeginiň köp babatda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, ýaşlaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge we goldamaga, ylmy-barlaglary we çylşyrymly wezipleri çözmek bilen meşgullanýan zehinli hem-de ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga, şeýle hem geljekki hünärmenleriň intellektual we hünär derejesini ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmäge hem-de ýokary derejeli häzirkizaman inžener-tehniki işgärleri taýýarlamaga ýardam etjekdigi nygtaldy.
Olimpiada Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek baradaky maksatnamany amala aşyrmagyň, şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriň sanawyna girizmek boýunça çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna laýyklykda guraldy.