Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 428

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan Size we ähli türkmen halkyna parahatçylygyň, täzelenişiň nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

Amerikan halky Siziň durmuşa geçirýän özgertmeleriňizi uly ruhubelentlik bilen kabul edýär hem-de men köp möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýärin. Biz Siziň bilen bilelikde işlemek mümkinçiligine we Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň wekiliýetini ak mermerli gözel Aşgabada ibermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu maslahaty geçirýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýäris.

Biziň merdana halklarymyzyň geljekki üstünlikleriniň bähbidine Amerikanyň Birleşen Ştatlary hemişe Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, Garaşsyzlygynyň, çäk bitewüliginiň berk tarapdary bolmagynda galar.

Hormatlamak bilen,

Donald Tramp,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tebigatyň janlanmagyny we täzelenmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Asyrlaryň dowamynda mizemez gymmatlyklarymyzyň hem-de umumy däplerimiziň nyşany bolan bu röwşen baýram häzirki günde-de biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky baky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, jebislik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň dowamynda bilelikdäki tagallalarymyz bilen Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara hormat goýmak, goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza ynanýaryn.

Bu mübärek günlerde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Täzelenişi alamatlandyrýan bu nurana baýram ýurtlarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak däpleri arkaly baglanyşdyrýar. Goý, biziň halklarymyz şatlyga we bagtyýarlyga beslenýän baýram günlerinde has-da jebisleşsin! Nowruz baýramynyň mukaddes gymmatlyklarynyň halklarymyzyň abadançylygyna, belent maksatlara ýetmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu şanly günlerde Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, ýakynlaryňyza abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan etmek bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigatyň täzelenmegini, geljege umyt-arzuwlary, sazlaşygy, jebisligi alamatlandyrýan bu baýram halklarymyza rysgal-bereket we abadançylyk getirsin!

Gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda Siziň bilen bilelikde alyp barýan işlerimiziň üstünliklere beslenjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Tatarystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size hem-de ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, ähli asylly başlangyçlaryňyzda täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärin. Goý, Nowruz baýramy ählumumy düşünişmegi we netijeli hyzmatdaşlygy getirsin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Gruziýanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, özara hormat goýmagyň nyşany bolmak bilen, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglylykda aýratyn möhümdir. Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, üstünlik arzuw edýärin.

Ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparymyň dowamynda bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň! Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda emele gelen nusgalyk, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda okgunly ösdürilýändigine şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Irakliý Kobahidze,

Gruziýanyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de doganlyk türkmen halkyny abadançylygyň we jebisligiň nyşany bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Biziň ýurtlarymyzy umumy ýörelgeler, taryhy gymmatlyklar bilen asyrlaryň dowamynda jebisleşdirip gelýän bu baýram doganlyk halklarymyzyň medeni we ruhy taýdan ýakynlygynyň aýdyň nyşanydyr.

Gazak we türkmen halklarynyň gadymyýetden bäri birek-biregi goldap, parahatçylygyň, ylalaşygyň nusgasyny görkezýändikleri buýsançly ýagdaýdyr. Biziň döwletlerimiziň arasynda ýola goýlan dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy gadymy gatnaşyklaryň kanunalaýyk dowamy diýip hasap edýärin.

Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, parahatçylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Olžas Bektenow,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de nurana Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Tutuş adamzadyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen hem-de özara hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini özünde jemleýän Nowruz baýramy halklaryň arasynda agzybirligiň, dostlugyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär.

Bu baýramçylyk gününde Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Igor Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Remezan aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hoşallygymy hem-de belent hormatymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu nurana günlerde Sizi we doganlyk türkmen halkyny mukaddes Remezan aýy bilen gutlaýaryn, Beýik Biribardan ýurduňyzyň hem-de halkyňyzyň bähbidine alyp barýan işleriňizde Size hemişe medet bermegini dileýärin.

Nowruz baýramy biziň halklarymyzyň taryhynda aýratyn orun eýelemek bilen, Beýik Biribaryň hemaýatyny, Gudraty Güýçli Allatagalanyň söýgüsini, berekedi, hoşniýetliligi özünde jemleýär. Goý, Nowruz baýramy halklarymyz üçin ähli oňyn zatlaryň çeşmesi bolsun!

Baý medeni mirasa eýe bolan hem-de ony hemişe ygtybarly gorap saklaýan doganlyk Türkmenistan bilen medeni we taryhy gatnaşyklary dowam etdirmek, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak möhümdir. Siziň Alyhezretiňize umumy dini we medeni gymmatlyklary, türki-yslam mirasyny, ähli ugurlarda taryhy-medeni ýörelgeleri, şol sanda halklarymyzyň hem döwletlerimiziň arasynda dini, ruhy gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda täze mümkinçilikleriň açylmagyny arzuw edýärin. Biz Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Dini edaralarynyň ýolbaşçylarynyň konsultatiw geňeşiniň agzalary hökmünde bu ugurda Siziň ähli tagallalaryňyzy we başlangyçlaryňyzy doly goldaýarys.

Hormatly jenap Prezident, Sizi we doganlyk türkmen halkyny goşa baýram — Nowruz baýramy hem-de ýetip gelýän Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Beýik Biribar biziň halklarymyza we ýurtlarymyza öz merhemetini eçilsin, ähli doga-dileglerimizi, ýagşy niýetlerimizi kabul etsin!

Hormatlamak bilen,

Allahşukur Paşazade,

Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy,

GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Bahar paslynyň gelmegini hem-de tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türki halklaryň bu gadymy baýramy döredijilik ruhuna, ýagşy umyt-arzuwlara beslenendir. Goý, bu baýram halklarymyza şatlyk duýgularyny eçilsin, bizi ýagşy işlere höweslendirsin! Ýazky gije-gündiziň deňleşýän gününde Size berk jan saglyk, abadançylyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Mintimer Şaýmiýew,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi.