Ï Türkmenistanda «Tebigatyň sesi» atly wideobäsleşik başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Tebigatyň sesi» atly wideobäsleşik başlanýar

view-icon 348
Türkmenistanda «Tebigatyň sesi» atly wideobäsleşik başlanýar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ýaş höwesjeňleri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça işiniň (ÝUNESKO) çäginde bilelikde geçirilýän «Tebigatyň sesi» wideobäsleşige çagyrýar.

Bäsleşige orta mekdepleriň 14 – 18 ýaş aralygyndaky okuwçylary we ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 18 – 25 ýaş aralygyndaky talyplary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşjaklar ekologiýa meselelerinden baş çykarmalydyrlar we olarda howanyň üýtgemegine degişli gün tertibindäki häzirki kynçylyklary çözmek boýunça döredijilikli pikirler bolmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmak üçin tebigaty goramak boýunça innowasion çözgütler, adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklar, howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri, suw baýlyklarynyň isrip edilmeginiň öňüni alyş çäreleri, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, şeýle hem daşky gurşaw meselelerine we howanyň üýtgeýän şertlerinde durnukly ösüş ýaly teklip edilýän wideo mowzuklaryndan birini saýlamalydyr.

Bäsleşige gatnaşýanlara wideolarynda şu kompozitorlaryň sazlaryny ulanmak teklip edilýär: Nury Halmämmedow «Nar agajy» we «Tebigatyň sesi» kompozisiýalary, şeýle hem Weli Muhatow. Wideolar 960x720 (MOV) ýa-da has ýokary ölçegli MP4 ýa MOV formatynda, şeýle hem 1080px (MP4) ýa-da has ýokary ölçegli bolmalydyr. Asyl ses üýtgedilmeli däldir. Subtitrli wideolar kabul edilmeýär.

Bäsleşigiň netijeleri eminler tarapyndan berlen bahalaryň jemi boýunça kesgitlener. Gatnaşmak we faýl görnüşindäki wideo ýazgylar üçin arzalar 2025-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli unesco_tmexp@unesco.gov.tm we tebigatchy.jemg@gmail.com. elektron poçta salgylary boýunça kabul edilýär. Goşmaça maglumaty +99364268432, +99312940326, +99312943067 belgili telefonlar arkaly almak mümkin.

Her gatnaşyjy diňe bir iş iberip biler. Bäsleşige gatnaşýan barada maglumat onuň doly adyny, doglan senesini, indeksini-de goşmak bilen, poçta salgysyny, telefon belgisini, elektron salgysyny, okuw jaýynyň doly adyny, şeýle hem wideoýazgynyň gysgaça beýanyny özünde jemlemelidir.

Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda, Aşgabat şäheriniň gününde yglan ediler. Ýeňijiler aşakdaky derejelerde diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar: birinji orun – noutbuk, ikinji orun – planşet, üçünji orun – powerbank. Iň gowy wideonyň awtory «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alyşa iberiler.

Bäsleşigiň maksady ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmakdyr. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda geçirilýän bu bäsleşik tebigat goragy baradaky döredijilikli pikirleri goldamak, ýaşlary ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga höweslendirmek we zehinli, çeper ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdyr.