Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk we ynanyşmak – ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly klubunyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Çärä Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-iň wekilleri, ýokary okuw mekdebiň professorlary, mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, ÝUNESKO klubunyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda döredijilik we gözlegde bolmak işlerini hemmetaraplaýyn kemala getirmek we ösdürmek, medeni gymmatlyklar, öz ýurduň däp-dessurlary barada bilmek nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. Ýokary okuw mekdebiň talyplary, mugallymlary klubuň işjeň agzalary bolup, ÝUNESKO-nyň ynsanperwerlik ýörelgelerini, parahatçylyk we özara düşünişmek maksatlaryny çuňňur öwrenerler hem-de wagyz ederler.
Klubuň meýilnamalary hem-de geçiriljek işleri barada hem gürrüň edildi. Şonuň çäklerinde ylym-bilim taslamalaryna gatnaşmak, jemgyýetçilik guramalar, ýurdumyzyň we ÝUNESKO klublarynyň sebitleýin assosiasiýalarynyň medeni merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilendir.
ÝUNESKO klublarynyň döredilmeginiň talyp ýaşlaryň we uly ýaşly adamlaryň, şeýle hem ylmy, taryhy, medeniýeti, bilimi ösdürmek ugurlarynda bilelikde işlemek üçin ÝUNESKO-nyň halkara hereketine gatnaşyjylaryň birleşmegine gönükdirilendigi bellenildi. Beýleki medeniýetlere özara hormat bilen garamagy terbiýelemek, medeni, taryhy mirasy gorap saklamak, daşky gurşawy goramak klublaryň baş wezipeleriniň hataryna girýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde gapylaryny giňden açan ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk we ynanyşmak – ynsanperwerligiň we ösüşiň esasy» atly klubyň ýurdumyzda açylan altynjy klub bolup durýandygyny ýatladýarys.
Bu waka mynasybetli uniwersitetiň mejlisler zalynda baýramçylyk konserti geçirildi. Onuň dowamynda ýokary okuw mekdebiň «Owaz» döredijilik topary tomaşaçylaryň öňünde edebi-sazly kompozisiýalar bilen çykyş etdi, watançylyk aýdymlaryny we milli tanslary ýerine ýetirdi.