Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Bitaraplyk derejesi – durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösdürilmeginiň aýratynlyklaryny öwrenmek» atly halkara maslahaty geçirildi. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşyklary» (SECCA) taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.
Halkara maslahata Italiýadan, Horwatiýadan, Gruziýadan, Latwiýadan, Gazagystandan halkara bilermenler, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri, institutyň mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda energiýany tygşytlamagyň we bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti barada birnäçe çykyşlar boldy. Daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we oba hojalygynyň bu şertlere uýgunlaşmagy we «ýaşyl» ykdysadyýeti hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin mümkinçilikleri we bilimleri artdyrmak boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda ýurdumyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň dünýäniň ösen guramalarynyň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaklary üçin ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn işlere aýratyn üns berildi.
Halkara duşuşyga gatnaşyjylar institutyň esasy binasynda guralan ylmy işleriň sergisi bilen tanyşdylar.
Halkara taslamanyň çäklerinde professor-mugallymlar düzüminiň we ylmy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Türkmenistanyň howa şertlerinde energiýany netijeli ulanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek» atly okuwlar geçirildi. Okuwlar iki tapgyrda geçirildi we okuw tamamlanandan soň diňleýjilere degişli sertifikatlar berildi.