Bäşisi açyk, bäşisi zenanlar toparynda bolmak bilen, on küştçi şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde başlanjak küşt oýny boýunça 2025-nji ýyldaky dünýä Kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eder.
Aziýa zolagy 3.4 çempionaty Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 134 küştçini (88 erkek we 46 zenan) bir ýerde jemledi, olar 2025-nji ýyldaky dünýä Kubogyna gatnaşmaga üç zenan we dört erkek orunlary üçin hukuk almak ugrunda bäsleşer. Zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionaty 5–30-njy iýuly aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçiriler, 1–27-nji noýabry aralygynda bolsa Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde erkekleriň arasyndaky dünýä çempionaty bolar.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda (TKF) aýtmaklaryna görä, toparymyzyň düzümine FIDE-niň prezident geňeşiniň nobatdaky mejlisinde grossmeýster adynyň tassyklanmagyna garaşýan, halkara ussady Saparmyrat Atabaýewi, şeýle hem grossmeýster Meýlis Annaberdiýewi (görkezijisi 2449) we zenanlar arasynda FIDE ussady Läle Şöhradowany-da (2144) öz içine alýan iň güýçli küşt oýunçylary girdiler.
Olardan başga-da, açyk toparda Türkmenistan üçin sport ussatlary Wepaly Halnyýazow (2224) we Aman Hommadow (2262), sport ussady adyny almaga dalaşgär Şahruh Turaýew (2164), zenanlar toparynda bolsa sport ussady Leýla Şöhradowa (2023), Bägül Ezizowa (1941), Ogulsuraý Baýrambaýewa (1889) we birinji derejeli küştçi Jahan Rejebowa (2017) dagy oýnar.
Türkmen küştçileri 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň zolaklaýyn ýaryşynda tejribeli hünärmenleriň – FIDE ussady, TKF-niň Baş kätibi Mergen Kakabaýewiň we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda çykyş ederler.
Bu çempionat ýurdumyzyň küşt sporty üçin diýseň möhümdir, sebäbi Türkmenistanyň wekili – Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew ýene iki kärdeşi: Aziýa küşt federasiýasynyň baş kätibi Hişam Al Taher (BAE) we gazagystanly halkara emin Aleksandr Babenko bilen birlikde bu abraýly resmi ýaryşyň Şikaýat komitetiniň düzümine girizildi. Şunuň ýaly wezipe, adatça, ýokary derejeli ýaryşlarda ýüze çykyp biläýjek iň kyn jedelli ýagdaýlara, tarapgöýlük etmän, adalatly baha bermäge ukyply at-abraýly adamlara ynanylýar.
Gazagystanda geçiriljek küşt oýny boýunça 2025-nji ýyldaky dünýä Kubogynyň zolaklaýyn saýlaw ýaryşy 10-njy aprelde tamamlanar.