Ï Türkmen hünärmenleri energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdylar

view-icon 436
Türkmen hünärmenleri energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdylar

Şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Türkmenistanyň howa şertlerini göz öňünde tutup, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna innowasion energiýa netijelilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek» atly okuw maslahaty geçirildi.

Bu maslahat Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşyklary» we BMG-niň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatdaky we Awazadaky ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamalarynyň hünärmenleri bilen bilelikde guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenleri, institutyň mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri, SECCA taslamasynyň esasy hünärmenleri, BMG-niň ÖM-nyň taslamasynyň hünärmenleri we halkara geňeşçileri gatnaşdy.

Oňa gatnaşanlar Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasy we BMG-niň ÖM-nyň «Durnukly şäherler» taslamasynyň durnukly energiýany, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we energiýa netijeliligini, galyndylar dolanyşygy we olary dolandyrmak, şeýle hem «galyndysyz iş» usulyny ulanmak bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa we energiýa netijeliligini ösdürmek pudagynda TDEI-niň, Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasy we BMG-niň ÖM-nyň taslamasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara geňeşçiler maslahata gatnaşyjylara ýaşaýyş we senagat binalarynda energiýa tygşytlaýyş innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak barada giňişleýin maglumatlary berdiler. Çärä gatnaşanlara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we energiýa netijeliligini ösdürmekden alnan peýdalar hem-de ösen ýurtlaryň bu pudaklary kämilleşdirmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek tejribesi barada maglumat aldylar.