Ï Türkmenistan we Türkiýe ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Türkiýe ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

view-icon 711
Türkmenistan we Türkiýe ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

8-nji aprelde Türkiýäniň daşary ýurtlardaky türkleriň işleri we garyndaşlar jemgyýetçiligi boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi.

Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bar. Duşuşygyň dowamynda myhmanlara uniwersitetiň taryhy, düzümi, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Öz nobatynda Abdullah Eren uniwersitetde mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň türk tarapy üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen türk ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny beýan edip, myhman bu ugurda hemme zerur çäreleriň görüljekdigini belledi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen we türk ýokary okuw mekdepleriň arasynda mugallymlary we talyplary alyşmagy guramagyň, şeýle hem bilelikdäki ylmy-barlag çärelerini geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar diplomatik ýollar arkaly netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin degişli çäreleri amala aşyrmaga ylalaşyga geldiler.

Şol gün Türkiýäniň daşary ýurtlardaky türkleriň işleri we garyndaşlar jemgyýetçiligi boýunça müdirliginiň başlygy Abdullah Eren hem-de onuň ýanyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Bu ýerde institutyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew we mugallymlary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, soňra myhmanlar üçin «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine, türk dili kitaphanasyna hem-de ýokary okuw mekdebiň «Ýaş diplomatyň sesi» internet gazetiniň redaksiýasyna barlyp görülmegi bilen institut boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy.

Ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkiýeden gelen wekiliýet Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna bardy.

Çäräniň dowamynda ýokary okuw mekdebiň myhmanlary türk dilini okadýan mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny guramagy teklip etdiler, şeýle hem Aşgabadyň ýokary okuw mekdeplerindäki duşuşyklaryň türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda möhüm ädim bolup durýandygyny nygtadylar.

Wekiliýetiň agzalary institutyň türk dili mugallymlary, şeýle hem taýýarlygyň türk we türkmen dilleri we edebiýaty mugallymçylyk ugry boýunça bilim alýan talyplar bilen talyp hakly maksatnamalar temasyndan söhbet açdylar.

8-nji aprelde türkmen paýtagtynyň türkiýeli myhmanlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine hem baryp gördüler. Uniwersitetiň rektory O.Öwezsähedow bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň ileri tutulýan ugurlaryna, bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine we geljegine garaldy.