8-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň hem-de Türkiýäniň daşary ýurtlardaky türkleriň işleri we garyndaşlar jemgyýetçiligi boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we umumy taryhy-medeni gymmatlyklara esaslanandygyny nygtadylar. Ýokary we hünär bilimi, akademiki we talyplary alyşmak, şeýle hem ylmy hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.
Ministr hormatly myhmana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy hem-de okuw mekdepleriň sanynyň artýandygy barada gürrüň berdi.
Türk tarapy, öz nobatynda, iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe teklipler bilen çykyş etdi. Şolaryň arasynda Türkiýäniň abraýly uniwersitetlerinde lukmançylyk we inženerçilik ugurlary boýunça talyp hakly maksatnamalary boýunça türkmen ýaşlaryny okatmak, orta hünär biliminiň mümkinçiligini giňeltmek, döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tomusky mekdepleri guramak hem-de ikitaraplaýyn akademiki alyşmalary ösdürmek baradaky teklipler bar.
Ministr «Türkiýe Burslari» talyp hakly maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi hem-de talyp haklary geljekde paýlamakda, maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, oba hojalyk, mugallymçylyk we tebigy ylymlar ýaly ugurlara ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem türkmen tarapy türki dilli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyjy – «Dialog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe ilerletmek üçin Türkiýäniň daşary ýurtlardaky türkleriň işleri we garyndaşlar jemgyýetçiligi boýunça müdirligi bilen bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ministr ýokary derejeli myhmany Aşgabatda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda geçiriljek halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar ylym we bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.