Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyry «Ahal» topary bilen Marynyň «Merw» toparynyň arasyndaky Aşgabat şäherinde geçirilen oýun ýokary liganyň klublarynyň arasynda başlandy.
Duşuşyk «Köpetdag» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň başynda, ýagny 10-njy minutda Döwletmuhammet Jallatowa iki sary kartoçka berilmegi sebäpli «Merw» topary azlykda oýnamaly boldy. San taýdan artykmaçlygyna garamazdan, «Ahal» topary uzak wagtlap garşydaşynyň derwezesine pökgini geçirip bilmedi. Netijede, toparlar hasaby açyp bilmän, arakesmä çykdylar.
Oýnuň ikinji ýarymynda Welsähet Öwezowyň oýunçylary birneme janlandylar. 50-nji minutda Daýanç Meredow tapawutlandy. Sekiz minutdan soň Ybraýym Amangeldiýew artykmaçlygy artdyrdy. 66-njy minutda Nazar Towakelow «Merw» toparynyň derwezesine üçünji pökgini geçirdi.
3:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» toparynyň futbolçylary 12 utuk bilen ýaryşda birinji orny eýelediler. «Merw» topary bolsa üçünji ýeňlişe sezewar bolup, 4 utuk bilen 7-nji orunda galdy.
Indiki tapgyrda «Merw» topary 19-njy aprelde öz meýdançasynda «Altyn asyr» toparyny kabul eder. Şol gün «Ahal» topary myhmançylykda «Aşgabat» topary bilen oýnar.