Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Programma düzmegiň döwrebap tehnologiýalary» temasy boýunça bäsleşik geçirer.
Bäsleşigiň maksady talyplaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekden, olarda programma düzmegiň döwrebap tehnologiýalaryny ulanmak hem-de programma düzmek boýunça wezipeleri çözmek başarnyklaryny kemala getirmekden, şeýle hem bu ulgamda zehinli talyplary ýüze çykarmakdan, aragatnaşyklary berkitmekden, bilim, tejribe we ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda peýdaly maglumatlary alyşmakdan ybaratdyr.
Bäsleşik 1-nji maýda 13:00-da onlaýn görnüşde geçiriler. Oňa her ýokary okuw mekdepden dört talyp gatnaşyp biler.
Bäsleşik test görnüşde geçirilip, onuň dowamynda gatnaşyjylar programma düzmegiň döwrebap tehnologiýalary ulgamynda, şol sanda olary ulanmakda wajyp usullary, çemeleşmeleri peýdalanmak babatda bilimlerini, programma düzmegiň dillerine erk edip bilişlerini, şeýle hem degişli wezipeleri çözmegi başaryşlaryny görkezmeli bolarlar.
Ýumuşlary çözmäge 120 minut wagt berler. Bäsleşigiň netijeleri talyplaryň toplan utuklarynyň jemi boýunça kesgitleniler hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň tsiem.edu.tm saýtynda yglan ediler.
Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän talyplar hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymlary 26-njy aprele çenli tdydi.phzt.olimp@sanly.tm elektron salga özleriniň şahsy maglumatlaryny ibermelidirler.
Goşmaça maglumatlary +99312486290, +99365620717, +9965602268 telefon belgiler we ýokarda görkezilen elektron salgy boýunça alyp bolar.