11-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Ylym, tehnologiýa we parahatçylyk: durnukly ösüşe tarap ýolda» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy alymlary we bilermenleri daşky gurşawy saklap galmak bilen häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy maksat – durnukly ösüşe ýetmekde ylmyň we tehnologiýalaryň esasy orny barada pikir alyşdylar.
Günüň birinji ýarymynda geçirilen umumy mejlisde Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkiýäniň ylmy bileleşiginiň wekilleri gutlag sözi bilen çykyş edip, durnukly ösüş meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtadylar.
Umumy mejlisiň esasy bölegi häzirki gözlegleri we innowasiýa çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Özbegistanly alymlar dispers doldurgyçlaryň polimer kompozision materiallaryň häsiýetlerine täsiri baradaky işleri bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem ýerli serişdeler esasynda kompozision polimer materiallaryny ulanmak bilen nebit-gaz önümleriniň daşalmagynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ylmy barlaglarynyň netijelerini paýlaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň durnukly ösüşe ýardam edýän innowasiýa ekoulgamynyň esasy elementleri hökmünde ähmiýetine garadylar.
Germaniýanyň wekiliniň çykyşy ýokary tehnologiýalar babatynda sebit hyzmatdaşlygyna islegini görkezýän türki döwletleriň innowasiýa merkezine gönükdirildi.
Foruma Hytaý Halk Respublikasynyň hünärmenleri hem gatnaşdy. Olar «Şenžen gazy» kompaniýasynyň innowasiýalary goldamakdaky tejribesini paýlaşdylar.
BAE-li bilermeniň uglerodyň bitaraplygyny we ählumumy durnuklylygy gazanmagyň ýollary barada eden çykyşy umumy mejlisiň möhüm temasy boldy.
Umumy mejlis Russiýa Federasiýasyndan alymynyň süýji suwuň alternatiw çeşmeleri, hususan-da, ählumumy suw ýetmezçiligi şertlerinde juda möhüm bolan atmosfera howasyndan suw almak baradaky hasabaty bilen tamamlandy.
Günüň ikinji ýarymy «Himiki tehnologiýalar we ekologiýa», «Nanotehnologiýalar we energiýa», «Bio-, azyk we derman önümçiligi tehnologiýalary» bölümleriniň işine bagyşlandy. Türkmenistanly we özbegistanly alymlar bu ugurlardaky derwaýys meseleleri çözmäge we durnukly ösüşi ösdürmäge gönükdirilen köp sanly ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary hödürlediler.
Senagat galyndylaryny ulanmak we gaýtadan işlemek, täze materiallary işläp taýýarlamak, nebiti gaýtadan işlemegi oňaýlaşdyrmak, biotehnologiýalary ekologiýada ulanmak, suwy arassalamak, ulaglaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini seljermek, biodürlüligi saklap galmak we oba hojalygy üçin suw tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
«Ylym, tehnologiýa we parahatçylyk: durnukly ösüşe tarap ýolda» atly halkara ylmy maslahat öňdebaryjy tejribäni alyşmak we Zeminiň durnukly geljegine ýardam edýän ylmy barlaglaryň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüldi.