Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Awtomatlaşdyrylan hasaplaýyş ulgamlary» atly täze okuw kitaby neşir edildi.
Ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Bagty Kulyýewa we Maýa Ýalkapowa dagy taýýarladylar. Kitaby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» ylmy neşirýaty neşir etdi.
Kitap maglumat-hasaplaýyş ulgamlary, kompýuterleriň düzümi, köp prosessorly hasaplaýyş ulgamlary, programma üpjünçiligi, hasaplamalary dolandyrmak amallaryny, maglumatlar gorlaryny, ýatda saklaýyş enjamlary, gaty diskleri awtomatlaşdyrmak, şeýle hem awtomatiki hasaplaýyş ulgamlary bilen baglanyşykly beýleki mowzuklardan ybarat.
Bu okuw kitaby awtomatik maglumatlary işlemek we dolandyryş, maglumat-ölçeg enjamlary we tehnologiýa ulgamlary, mikroelektronika we ýarymgeçiriji enjamlar, şeýle hem senagat elektronikasy bilen baglanyşykly okuw ugurlarynda okaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenendir.