Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynda Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.
Duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Hazar kenarynyň topary 2018-nji ýylda geçirilen AFK Kubogynyň finalçysy bilen 2024-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesiniň arasynda çekeleşikli oýun boldy. 45-nji minutda Yhlas Mahtymow «Şagadam» toparyny 1:0 hasabynda öňe çykardy. Myhmanlar hasaby duşuşygyň ahyryna çenli sakladylar. Emma goşmaça berlen esasy wagtynyň birinji minudynda Selim Nurmyradow «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyny utulmakdan halas eden bir pökgi geçirdi.
Bu duşuşykdan soň «Altyn asyr» topary 10 utuk bilen «Ahal» toparyndan 2 utuk az toplap, ikinji ýerde barýar. «Şagadam» topary bolsa 8 utuk bilen üçünji orna çykdy. Hazar kenarynyň toparyndan 7 utuk bilen 5-nji ýerde barýan Balkanabadyň «Nebitçi» topary, bu tapgyrda myhmançylykda Aşgabadyň «Köpetdag» topary bilen duşuşygynda öňe geçip biler.
Indiki tapgyrda, «Altyn asyr» topary 19-njy aprelde Mary welaýatynda «Merw» topary bilen duşuşar. «Şagadam» topary şol gün paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny kabul eder.