Ï «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» taslamasynyň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» taslamasynyň netijeleri jemlendi

view-icon 635
«Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» taslamasynyň netijeleri jemlendi

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» taslamasynyň jemleýji maslahaty geçirildi.

Maslahata döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri, howaşynaslyk pudagynyň bilermenleri, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we Türkmenistanda işlemäge hukugy bolan halkara guramalar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen bu taslama 2021-nji ýylda başlanypdy we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatynda ýurduň edarawy hem tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolupdy. Şu dört ýylyň dowamynda onuň çäginde howadan abanyp biljek howpa baha bermek we uýgunlaşmany meýilnamalaşdyryşyň milli ösüşi hem maliýeleşdiriş işleri bilen üstünlikli birleşdirildi.

Taslamanyň möhüm üstünlikleriniň arasynda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegi üçin çarçuwaly esas döredilmegini, suw pudagynda meýilnamalaşdyryş üçin möhüm maglumatlary ýygnamak we gyzyklanýan taraplaryň howa ýagdaýynyň döredýän kynçylyklaryna netijeli jogap bermek ukybyny ösdürmek-de bar.

Taslama Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatyndaky Milli strategiýasy (2019) we Milli derejede kesgitlenýän goşant (MDKG, 2022) ýaly owaldan bar bolan strategik resminamalardan ugur alyp, olary durmuşa geçirmek üçin anyk gurluşlary döretdi. Esasy netijeleriň arasynda Türkmenistanyň Milli uýgunlaşma meýilnamasynyň Ýol kartasyny düzmek we ýurtda howany maliýeleşdirmegi ösdürmek ýörelgesi-de bar. Bu resminamalar maslahatyň dowamynda çykyşlar we çekişmeler üçin esas bolup hyzmat etdi.

Milli uýgunlaşma meýilnamalarynyň gowşaklygy azaltmak we uýgunlaşmagy ösüş meýilnamasynyň ähli derejelerine goşmak üçin möhüm gural hökmünde hyzmat edip, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy artdyrmak boýunça bütindünýä tagallalaryň esasylarynyň biridigini bellemelidiris.

Maslahat howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy suw çeşmelerini dolandyrmak bilen birleşdirmek boýunça gollanmalaryň Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdeplerine we ylmy-agtaryş institutlaryna gowşurylmagy bilen tamamlandy.

Maslahatda «Howanyň üýtgemegi – hereket etmegiň wagty» atly surat sergisi täsirli fotosuratlar arkaly howanyň üýtgeme meselesiniň derwaýysdygyny görkezdi. Sergi guraklykdan we tozan tupanlaryndan başlap, oba ýerleriniň üýtgemegine çenli sebitde howanyň üýtgemeginiň hakyky täsirini görkezdi.

Maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň howanyň durnukly geljegi ugrundaky tagallalarynyň esasyna öwrüldi.