Ï Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ykjam žurnalistikanyň mümkinçiliklerini özleşdirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ykjam žurnalistikanyň mümkinçiliklerini özleşdirdiler

view-icon 1291
Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ykjam žurnalistikanyň mümkinçiliklerini özleşdirdiler

16-17-nji aprelde paýtagtymyzda Ýewropada Howupsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda ykjam žurnalistika we smartfonlarda metbugat neşirlerini taýýarlamak boýunça okuw geçirildi.

Çagyrylan halkara bilermenler – Ýuriý Zwýaginsew (Russiýa Federasiýasy) we Jemşed Marupow (Täjigistan Respublikasy) gatnaşyjylara döwrebap neşirleri, şol sanda media serişdelerini taýýarlamakda häzirki zaman çemeleşmeleri barada gürrüň berdiler.

Häzirki wagtda maglumatlar esasan ykjam enjamlar arkaly işlenýär, şonuň üçin häzirki zaman metbugat hünärmenleri habarlar we makalalar üçin suratlardyr wideolary saýlap almagyň ýollaryny, maglumatlary çalt barlamagy we okyjylary gyzyklandyrmagyň usullaryny bilmelidirler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda okyjylar täze gazet-žurnallary gönüden-göni telefonda okamak üçin sanly ulgam arkaly abuna hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler, bu bolsa ykjam formatyň ähmiýetini has aýdyň görkezýär.

Bu hünär kämilleşdiriş okuwynyň barşynda Türkmenistanyň metbugat işgärleri we žurnalistika bölümleriniň mugallymlary işleriniň hilini, şol sanda özüne çekiji media serişdeleri we maglumat beriji tekstleri döretmek nukdaýnazaryndan-da ep-esli ýokarlandyrjak täsirli täze gurallaryň toplumyny öwrendiler.

Amaly tabşyryklar gatnaşyjylara žurnalistikada we multimediýada täze sanly başarnyklaryny ulanmak üçin, ajaýyp mümkinçilik boldy. Okuwyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň hemmesine şahadatnama gowşuryldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we metbugatyň sanly özgerişinde bilermen goldawyny berýär. Bu işiň çäginde žurnalistler üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen netijeli okuw çäreleri yzygiderli guralýar.