BMGÖM-iň we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň hünärmenleri «Köp peýda almak üçin, Aral deňzi sebitinde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmaty bolan ekologik ulgamy gorap saklamak hem durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde bäsleşik yglan edýär.
Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň çäginde biodürlüligi gorap saklamagyň ähmiýeti barada wideoşekilleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Bäsleşik 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabat gelýär. Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda daşary ýurtda wagtlaýyn ýaşaýanlar-da oňa gatnaşmaga çagyrylýar. Olar sekiz topar boýunça mowzuky diwarlyklary bezemek üçin niýetlenen suratlar, maglumat ýa-da sanly taslamalar görnüşindäki işlerini iberip bilerler.
Synlamlar Amyderýa we Gaplaňgyr döwlet tebigat goraghanalarynda, şeýle hem olara ýanaşyk zolaklarda gurlar. Işler türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde PDF formatynda bolmaly we birnäçe ugur boýunça taýýarlanylmalydyr:
– çäkleri bellemek üçin görkeziji diwarlyklar; – tebigaty goramak boýunça çäreler barada maglumatly synlamlar; – myhman merkezleri üçin diwarlyklar.
Diwarlyklar Türkmenistanyň ýörite goralýan tebigy ýerlerine bagyşlanmaly we Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny, şeýle hem olary goramak we saklamak boýunça tagallalary görkezmelidir. Işleriň biçüwi aýdyň, aňsat duýulýan bolmalydyr we peýdaly maglumatlary öz içine almalydyr. Ähli işlerde çeşmeleriniň hökmany görkezilmegi bilen, barlanan we ygtybarly maglumatlar ulanylmalydyr. Işlere bäsleşik eminleri tarapyndan garalar we aşakdaky ölçütler esasynda baha berler:
– bäsleşik şertlerine laýyk gelmegi; – maglumatyň hili we görkezme aýdyňlygy; – maglumatlaryň ygtybarlylygy we çeşmeleriň görkezilmegi; – pikiriň özboluşlylygy we döredijilikli çemeleşilmegi.
Baýraklar we diplomlar gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda bolar. Ýeňiji bolan işler ýörite goralýan tebigy ýerleriň ähmiýeti barada ilatyň habarlylygyny artdyrmak üçin, goraghanalarda ulanylar.
Ähli bäsleşige hödürlenýän işler undptm@gmail.com e-poçta salgysyna ýa-da Aşgabat, BMG-niň binasy, Arçabil şaýoly-21, 744036 salgysyna poçta arkaly iberilmelidir. Arzalary tabşyrmagyň iň soňky güni – 2025-nji ýylyň 20-nji maýy.
Habarlaşylmaly şahs: Döwlet Rejebow, jemgyýetçilik bilen gatnaşyk boýunça hünärmen registry.tm@ undp.org / undptm @ gmail.com. Telefon: (99312) 488325; Faks: (99312) 488311.