Ï Türkmenistanly žurnalistler Ýewropa Bileleşiginiň taslamasynyň çäginde geçiriljek bäsleşige çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly žurnalistler Ýewropa Bileleşiginiň taslamasynyň çäginde geçiriljek bäsleşige çagyrylýar

view-icon 1878
Türkmenistanly žurnalistler Ýewropa Bileleşiginiň taslamasynyň çäginde geçiriljek bäsleşige çagyrylýar

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşyklary (SECCA)» taslamasy Merkezi Aziýanyň žurnalistleriniň arasynda bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa ulgamlaryna geçmek barada jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny artdyrmak, şeýle hem has durnukly energiýa ulgamlaryna geçmek meselesine ünsi çekmekdir.

Bäsleşigiň çäginde sebitleýin we ýerli çap edilýän hem elektron habar beriş serişdeleriniň, telewideniýe we radio ýaýlymlarynyň žurnalistlerine şu temalar boýunça işlerini tabşyrmak teklip edilýär: durnukly energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa netijeliligi, energetika pudagynda gender deňligi, STEM-de gyzlaryň bilim almagy, tehnologiýa, inženerlik we matematika, ýaşyl / durnukly gurluşyk tejribesi, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa durnukly energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa «Gorizont Ýewropa» maksatnamasynyň çäginde 5-nji klaster boýunça «Howa, energetika we çakganlyk».

Işler 2024-nji ýylyň 15-nji apreli bilen 2025-nji ýylyň 14-nji maýy aralygynda kagyza çap edilen ýa-da elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edilen, telewideniýede ýa-da radioda ýaýlyma berlen bolmaly.

Bir dalaşgär bäsleşige 3-den köp işlerini iberip bilmeýär. Gatnaşýanlar Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan ýa-da Özbegistan) biriniň 18 ýaşan ýa-da ondan uly raýaty bolmaly. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutujy rus we iňlis dillerinde berlen sowalnamany doldurmaly we oňa bäsleşik işlerini (makala, düzme, söhbetdeşlik, telewizion / radio hekaýaty / maksatnamasy) giper baglanyşyklar arkaly birikdirmeli, işler öň çap edilen bolsa, onuň skanerden PDF formatda geçirilen nusgasyny metbugat serişdeleriniň ady, çykan senesi we belgisi bilen bile birikdirmeli. Arza we goşulan ähli işler: media@secca.eu salgysyna iberilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2025-nji ýylyň 14-nji maýydyr. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 3 ýeňiji saýlanar we olara pul baýraklary berler.

Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda – iýun aýynyň başynda SECCA taslamasynyň web sahypasynda we SECCA taslamasynyň durmuş ulgamlarynda, şeýle hem SECCA taslamasynyň Astana halkara forumynyň barşynda bilelikde ýola goýjak ýörite sessiýasynda yglan ediler.