17-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Milli gymmatlyklar – milletiň buýsanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda boldy.
Maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň ähmiýetine we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine bagyşlandy.

Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar, aýdymçylar, bilim ojaklarynyň talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda folklor-etnografiýa aýdym-saz toparlarynyň, aýdymçylaryň ýerine ýetiren çykyşlary göwünleri galkyndyrdy.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýa Hökümetiniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklarynyň ähmiýeti, Osaka şäheriniň golaýynda döredilen Ýumeşima emeli adasynda «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň dabaraly açylyşy, onda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, pawilýonda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady ösüşleri we tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrýan immersiw görkezme zaly, türkmen milli tagamlary we sergide gurnalan çaýhana, türkmen myhmansöýerligi barada aýtdylar.

Bu iş sapar hem-de 13-nji aprel — 13-nji oktýabr aralygynda alty aýlap dowam etjek Osakada guralýan Bütindünýä sergisiniň çäklerinde milli pawilýonymyzyň hem ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändiginiň, häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.
Dabaraly maslahatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyklar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň has-da ösmegine oňyn netijesini berer.