Daşoguz welaýatynyň döwlet dolandyryş merkezinde şäher gurluşygyny dowam etdirmek we infrastrukturasyny ösdürmek meselelerine köp üns berilýär. Bu ýerde merkezi köçeleriň ugrunda bag ekmäge we ýaşaýyş ýerlerinde ajaýyp bag seýilgähleri döretmäge gönükdirilen giňişleýin çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmäge çalyşýarlar.
Daşoguz şäheriniň köp adamly ýerlerindäki awtobus duralgalarynda hojalyk galyndylaryny aýratyn ýygnamak üçin ýörite gaplar oturdyldy. Bu gaplarda ulanylan metal, aýna we plastmassa gaplar ýa-da beýleki ownuk galyndylar üçin aýratyn bölümler bar. Şunuň ýaly galyndylary aýrylykda ýygnamak, hojalyk galyndylaryny saýlamaga, gaýtadan ulanylýan galyndylary aýry goýmaga mümkinçilik berer we galyndylary netijeli hem ekologiýa taýdan zyýansyz ulanmak üçin ähmiýetlidir. Işe bolan şunuň ýaly çemeleşme şäher gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam edýär we ony kadaly ýagdaýda saklamak üçin möhümdir.
Soňky ýyllarda şäheriň köp ýerlerinde daşyna haýat çekilen sport we çagalar meýdançalary guruldy, ýaşaýyş giňişligini çeperçilik taýdan bezemekde abadanlaşdyrylan ýaşyl zolaklar döredildi, häzirki zaman köçe elektron mahabat monitorlary oturdyldy. Şäheriň merkezinde dürli ýaşdaky şäher ilatyna arassa howada yzygiderli maşk etmäge mümkinçilik berýän açyk sport meýdançalary hem bar.